Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow 'Putin' köýnekli futboliste iş hödürledi


Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow Orsýetiň prezidenti W.Putiniň suratynyň ýanynda
Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow Orsýetiň prezidenti W.Putiniň suratynyň ýanynda

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow Türkiýe bilen futbol ýaryşynda Putiniň suraty çekilen köýnegi geýip çykandygy üçin Ýewropanyň futbol guramasy tarapyndan jezalandyrylan futbolça Çeçenistanyň komandasynda ýer hödürledi.

Kadyrow “Terek” komandasy oýunçy Dmitriý Tarasowy satyn almaga taýýar, diýip 21-nji fewralda Instagram ulgamynda ýazdy. Kadyrow Çeçenistanyň “Terek” futbol komandasynyň hormatly prezidenti.

Ýewropanyň futbol federasiýasy UEFA Tarasowy ýagdaýa laýyk gelmeýän hereketler üçin jogapkärçilige çekdi. Tarasow 16-njy fewralda Stambulda Türkiýäniň “Federbahçe” komandasy bilen duşuşykda geýip çykan köýnegindäki ýazgylar bilen syýasy şygarlara girizilen gadagançylyga garşy çykdy.

Oýunçynyň geljekki aýda işe alynmaga potensial gadagançylyk bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin.

Şeýle-de Kadyrowyň aýtmagyna görä, Tarasowyň çeçen komandasyna goşulmak islemedik ýagdaýynda, Çeçenistan Moskwanyň “Lokomotiw” komandasyna girizilen jerimeleri tölemäge taýýar.

Orsýetiň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar noýabr aýynda Siriýanyň dawaly serhet ýaka giňişliginde Ankaranyň orsýet uçaryny urup ýere gaçyrmagyndan soň ýaramazlaşypdy.

XS
SM
MD
LG