Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Goşa partlama Homsa zarba urdy


Homs şäheriniň Al-Zahraa etrabynda bolan bomba partlamasynyň netijeleri, dekabr, 2015

Homs şäheriniň Al-Zahraa etrabynda bolan bomba partlamasynyň netijeleri, dekabr, 2015

Siriýada adam hukuklaryna syn edýän gurama Siriýanyň merkezi Homs şäherinde bolan goşa bomba partlamasynda 46 adamyň wepat bolandygyny we onlarça adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça siriýaly synçy gurama wepat bolanlaryň aglaba köpüsiniň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýar.

Siriýanyň telewideniýesi Homsyň häkimi Talal Baraziniň sözüne salgylanyp, pidalaryň sanynyň 25 adamdygyny aýtdy.

Siriýanyň hökümetiniň tas doly gözegçiligindäki Homs şäheri ýygy-ýygydan bombaly hüjümlere sezewar bolýar. Partlamanyň Al-Zahraa etrabynda bolandygy habar berildi.

Şäheriň Al-Zahraa etrabynda geçen aýda bolan we “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň öz üstüne alan goşa bomba partlamasynda azyndan 22 adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG