Sepleriň elýeterliligi

Kerri Siriýa barada ylalaşyga gelnendigini aýtdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Munhen, 12-nji fewral, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Munhen, 12-nji fewral, 2016

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada zorlugy bes etmegiň şertleri dogrusynda orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen deslapky ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.

“Biz zorlugy bes etmegiň esasy şertleri boýunça deslapky ylalaşyga geldik we bu ýakyn günlerde başlanmaly” diýip Kerri 21-nji fewralda Iordaniýanyň daşary işler ministri Nasser Judeh bilen Ammanda geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Kerri özüniň we Lawrowyň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň deslapky ylalaşygy jemlenmek boýunça ýakyn günlerde çykyş etmeklerine umyt bildirendiklerini mälim etdi.

Keri taraplaryň “heniz detallara seredýändiklerini hem belledi.

XS
SM
MD
LG