Sepleriň elýeterliligi

Orsýet resmisi ölüminden öň dopingiň üstüni açmak isledi


Orsýetiň Dopinge garşy agentliginiň öňki ýolbaşçysy Nikita Kamaýew, Moskwa, 10-njy noýabr, 2015

Orsýetiň Dopinge garşy agentliginiň öňki ýolbaşçysy Nikita Kamaýew, Moskwa, 10-njy noýabr, 2015

Orsýetiň Dopinge garşy agentliginiň öňki ýolbaşçysy Nikita Kamaýew birden aradan çykmagynyň öňüsyrasynda Britaniýanyň neşri bilen habarlaşyp, öz ýurdunyň doping bilen bagly ýagdaýy barda gürrüň bermegi teklip edendigini Londonyň “Sundy Times” neşri ýazýar.

Gazetiň habar bermegine görä, ýürek agyrydan ýogalandygy aýdylýan Kamaýew ölüminden 10 gün öň “Sunday Times” gazetine elektron hat ýollapdyr we Orsýetde dopingiň ulanylmagynyň möçberiniň üstüni açmak üçin kitap ýazjakdygyny aýdypdyr.

“Men Orsýetde 1987-nji ýyldan, SSSR-iň Sport medisina boýunça institutynyň gizlin laboratoriýasynda ýaş alym bolup işleýän döwrümden bäri farmakologiýa we doping barada hakykaty gürrüň bermek isleýärin”, diýip Kamaýewiň hatynda aýdylýar.

Noýabr aýynda Dopinge garşy bütindünýä agentligi (WADA) Orsýetde giňden ulanylýan dopingiň döwlet tarapyndan goldanýandygy barada hasabat çap edensoň, Orsýet halkara atletika ýaryşlaryndan çetleşdirilipdi.

Dekabr aýynyň ortalarynda Orsýetiň dopinge garşy ýerine ýetiriji müdiri wezipesinden çekilen Nikita Kamaýew 14-nji fewralda 52 ýaşynda aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG