Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Ençeme adamyň oka tutulandygy habar berildi


Miçigandaky ok atyşyk, 21-nji fewral

Miçigandaky ok atyşyk, 21-nji fewral

ABŞ-nyň demirgazygyndaky Miçigan ştatynda bolan birnäçe ok atyşykda alty çemesi adamyň wepat bolandygy habar berilýär.

“NBC News” ýerli howpsuzlyk resmilerine salgylanyp, Kalamazoo regionynda bolan ok atyşykda ýene üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Şerifiň orunbasary Paul Matyas “Biziň ýaramaz bir ýagdaýa duçar bolan bolmagymyz mümkin, kimdir biri töwerege aýlanyp, adamlary oka tutýar” diýdi.

Ýerli media serişdeleri ençeme adamyň restoranda we ulag satýan kärhanada öldürilendigini habar berdiler.

Şaýatlar ok atyşyga baş goşan hüjümçiniň erkek adamdygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG