Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Klinton Newadada üstünlik gazandy


Hillari Klinton (s) we Donald Trump (ç)
Hillari Klinton (s) we Donald Trump (ç)

ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Hillari Klinton Newadanyň demokratik partiýasynyň duşuşygynda üstünlik gazandy.

Nýu Ýorkly milliarder Donald Trump bolsa Respublikanlaryň Günorta Karolinadaky deslapky ses berişliginde öňe saýlandy.

20-nji fewralda bolan ses berişlikde Klinton öz bäsdeşi senator Bernie Sandersden üstün çykdy. Sesleriň 93%-niň sanalmagyndan soň Klintonyň 52.5% ses toplandygy aýdyldy.

Klinton Nýu Hempşirdäki deslapky ses berişlikde Sandersden ýeňileli bäri bu onuň ilkinji ýeňişidir.

ABŞ-nyň iki partiýasy noýabr aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrmak üçin öz saýlan dalaşgärlerini iýul aýynda milli gurultaýlarynda hödürlärler.

XS
SM
MD
LG