Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Orsýet bilen deslapky ylalaşyk gazanyldy


Siriýanyň harbylary partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar, Homs, Siriýa, 21-nji fewral, 2016.

Siriýanyň harbylary partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar, Homs, Siriýa, 21-nji fewral, 2016.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada zorlugy bes etmegiň şertleri dogrusynda orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrow bilen deslapky ylalaşyk gazanandygyny aýtdy.

“Biz zorlugy bes etmegiň esasy şertleri boýunça deslapky ylalaşyga geldik we bu ýakyn günlerde başlanmaly” diýip Kerri 21-nji fewralda Iordaniýanyň daşary işler ministri Nasser Judeh bilen Ammanda geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Kerri özüniň we Lawrowyň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň deslapky ylalaşygy jemlenmek boýunça ýakyn günlerde çykyş etmeklerine umyt bildirendiklerini mälim etdi.

Keri taraplaryň “heniz detallara seredýändiklerini hem belledi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Lawrowyň we Kerriniň Siriýada ok atyşygy bes etmegiň şertleri barada 21-nji fewralda telefon arkaly gepleşendiklerini habar berdi.

Ýaraşyk şerti

Resmi maglumatda gepleşikde ok atyşygy bes etmegiň maslahat edilen şertleriniň “BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň terrorist diýip hasaplan” guramalaryna degişli bolmajagy aýdyldy.

12-nji fewralda Munhende dünýäniň täsirli ýurtlary Siriýada zorlugy bes etmek we konfliktden ejir çekýän adamlara ynsanperwer kömegini ýetirmek boýunça işleşmek barada ylalaşdylar.

Siriýadaky graždan urşuna gatnaşýan oppozision taraplary goldaýan jemi 18 ýurduň arasynda gelnen ylalaşykda 19-njy fewrala çenli ok atyşygy bes etmek göz öňünde tutuldy. Emma bu sene ýaraşyk gazanylman geçdi.

20-nji fewralda Siriýanyň esasy oppozision topary ýaraşygy ýola goýmaga özüniň açykdygyny aýtdy.

Emma “Gepleşikler boýunça ýokary komitet” atly bu topar potensial ýaraşyk üçin Siriýanyň hökümetiniň gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki şäherleriň daşyndaky gabawy aýyrmalydygyny aýtdy.

Şeýle-de Saud Arabystany tarapyndan goldaýan bu topar Siriýanyň hökümetinden müňlerçe tussagy boşatmagy talap etdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad hem ok atyşygy bes etmäge özüniň taýýardygyny 20-nji fewralda aýtdy. Emma ol terrorçylaryň ýaraşykdan öz bähbitleri üçin peýdalanmaly däldigini belledi.

Zorluk dowam edýär

Şol bir wagtda-da Siriýada zorluk dowam edýär.

Siriýada adam hukuklaryna syn edýän gurama Siriýanyň merkezi Homs şäherinde bolan goşa bomba partlamasynda 46 adamyň wepat bolandygyny we onlarça adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça siriýaly synçy gurama wepat bolanlaryň aglaba köpüsiniň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýar.

Siriýanyň telewideniýesi Homsyň häkimi Talal Baraziniň sözüne salgylanyp, pidalaryň sanynyň 25 adamdygyny aýtdy.

Siriýanyň hökümetiniň tas doly gözegçiligindäki Homs şäheri ýygy-ýygydan bombaly hüjümlere sezewar bolýar.

XS
SM
MD
LG