Sepleriň elýeterliligi

Hossar hakda üç pursat


Ene we çagalary.

Ene we çagalary.

Birinji pursat

Oba oglany Atak köriçege bolýar. Oba doktory ony şähere iberýär, şäher doktory hem hirurgyň ýanyna ýollaýar. Şeýdip, wagty gijikdirip, ahyry operasiýa ýatyrýarlar.

Operasiýa uzaga çekipdir. Soňra ol şeýle gürrüň berdi.

Däri-dermanyň täsiri ýatyşýança, iş wagty hem gutardy. Garaňky gatlyşyp ugrandan, meniň täzeden ýüregim bulanyp, agzym kepäp başlady. Gyzgynym artýan bolarly.

Töweregime seretsem, ejem bilen ýaşytdaş ak ýektaýly bir garrydan başga hyzmat etjek adam ýok.

– Suw içjek. Maňa suw beriň – diýip gygyrdym.

Ol aýal meniň başujuma geldi.

– Saňa häzir suw içmek bolmaýar.

– Onda agzymy bir çaýkaýyn.

Ol maňa suw uzadyp, başymy dikledi.

Maňa soňrak howa ýetmän başlady. Ol ak ýektaýly daýza penjiräniň maňa golaý gözüni açdy.

„Bularyň şepagat uýasy diýip, nobatçy goýýan garrysyna seret. Ol egnindäki ýektaýy düzüwli geýmegi-de başaranok” diýip, öz ýanymdan gaharlandym.

Tä ynjalyk tapýançam, oňa rahatlyk bermedim. „Ýassygymy düzet” diýdim. Soňrak ýene bir islegimi aýtdym. Ahyry gözüm uka gidipdir.

Ertir irden takyrda oýandym. Wraçlar gelmezinden öňüsyrasy jaýlary süpürip arassalaýardylar, näsaglaryň düşeklerini dogurlaşdyrýardylar. Gijesi bilen biziň otagymyzda nobatçylyk çeken daýza bolsa görünmeýärdi.

Men şondan soň ol daýzanyň asla medisina işgäri däldigini, gapynyň agzynda ýatan agyr näsagyň hossarydygyny bildim.

– Ol meniň ejem däl, ýöne tomsuň şol yssy gijesinde, ejemden artygrak hyzmat etdi – diýip, Atak ýatlaýar.

Ikinji pursat

Juna Allaberdi Odessada gulluk etdi. Bu tüýs onuň bagtynyň getirdigidi. Sebäbi Gazagystanda, Ýadro ýaragynyň synagy geçirilýän poligonda ýa sowuk Sibirde däl-de, Gara deňziň kenaryndaky gowy şäherde gulluk edýärdi.

Ol gulluk wagtynda aşgazanynda ýara döräp, agyr ýagdaýa düşüpdir. Harby keselhanada ony operasiýa edýärler. Ol birnäçe gün özüni bilmän ýatýar. Şeýle-de bolsa, yzyna hiç bir habar etmändir. Ýol aşa uzak. Köp çykdajy edip geläýenlerinde, oňa näme haýry degjek?

Takdyra ten berip, Allany çagyryp ýatan günleriniň birinde, öýlänara, näsaglar bilen olaryň yzyndan gelýänleriň duşuşýan wagtynda nobatçy gelip:

– Allaberdiýew, seni çagyrýarlar – diýipdir.

Ol muňa üns bermändir. Özüni oýnajak bolýandyrlar ýa degişmedir öýdüpdir. Oňa bir garrynyň garaşýandygyny ýene-de aýdýarlar.

Ol yraň-daraň daş çyksa, hakykatdanam şeýle. Ine, bir ýumrak ýaly garry, öz mamasyna meňzäp duran aýal garaşyp oturan ekeni. Salamlaşýarlar.

– Sen Allaberdiýewmi?

– Hawa, men.

Ol garry uzak dymýar, tolgunýar, ýarawsyz oglanyň elini sypalaýar, soňra bolsa onuň yzyndan getiren zatlaryny berýär. Näme üçin gelenini welin wagty bilen düşündirip bilmeýär. Ahyram:

– Men seniň ýekedigiňi eşitdim… – diýýär.

Juma aglyp goýberýär. Ol garry hem aglaýar.

Üçünji pursat

94-nji ýylyň noýabrynda meni MHK-nyň SIZO-syna dykdylar. Bu ikinji gatda, düýpde, günbatar ýüzdäki 19-njy kamera bolmaly.

Şol kamerada öňden ýatan, asly Sarahsdan bolan pars, ýöne türkmenleşip giden Gulam atly ýigit bilen tanyşdym. Onuň aýtmagyna görä, ikinji gata çykylaýan ýerde, çep ýüzde bir adamlyk aýratyn kamera bolmaly. Tussaglary ol ýere salyp, gaz goýberýär ekenler.

90-njy ýyllarda biziň adyny eşidýänlerimizden “Çerýomuşka” has köp ulanylýardy. Oňa “göz ýaşardyjy gaz” hem diýýärdiler. Gulamyň aýtmagyna görä, ol gaz göz ýaşartman, eýsem gözüňi çykarýan bolmaly.

– Agam, men dowzah diýilýänini şol kamerada çalarak gördüm. Ol şeýle bir gyzgyn gaz; bokurdagyňy däl, öýkeniňi, bagryňy ýakyp barýar. Diriligiňe dowzah oduny ýuwudýaň. Şeýle bir bagyrdym, ölüp barýan. Sesimiň ýetdiginden: “Waý, eje!.. Eje jan, ýetiş!..” diýip bagyrýan. Şol wagt gapyny açdylar, meni süýräp daşary çykardylar. Gözüm-ä ýöne eräp akandyr öýtdüm. Depämi alyp duran gara eşiklileriň biri: “Dadyňa seniň ejeň ýetişäýdi. Ýogsa eýiňi ýetirýärdik” diýip haýbat atdy. Hakykatdanam, şol wagt yzymdan ejem gelipdir. Meniň bilen görüşmek üçin rugsat sorapdyr – diýip, Gulam gözüni ýaşardyp gürrüň berdi.

Arkaýynlykda pikir edýänleriň muňa tötänlik diýmegi mümkin. Nähilem bolsa, oglunyň dadyna ene ýetişipdir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG