Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany 32 adama garşy sud işine başlady


Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky serhet posty.
Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky serhet posty.

Saud Arabystany 32 adama, şol sanda öz şaýy azlygynyň 30 agzasyna garşy sud işine başlady. Gürrüňi edilýän tussaglar Eýrana garşy içalyçylyk etmekde aýyplanýar.

32 sany tussag 2013-nji ýylda geçirilen ençeme tussag edilmeler döwründe ele salnypdy. Olaryň arasynda eýranly we owganystanly raýatlar hem bar. Bu tussag edilmeler Saud Arabystanynyň şaýy azlygynyň arasynda aladalanma döredip, olar tussag edilenleriň birnäçesiniň şaýy jemgyýetiniň arasyndaky tanymal, syýasata goşulyşmadyk şahslardygyny aýdýarlar.

Tussaglara garşy Eýranyň aňtaw gullugynyň agzalary bilen içalyçylyk halkasyny döretmek, olara möhüm harby maglumatlary geçirmek, Saud Arabystanynyň ykdysady bähbitlerini bulaşdyrmak we mezhebara dawany möwjetmek ýaly aýyplamalar ýöňkelýär.

Bu sud işi ýerli şaýy we sünni musulmanlaryň we Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda dartgynlylyklaryň artmagyna sebäp bolup biler.

XS
SM
MD
LG