Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: ‘Sberbankyň’ ofisine hüjüm edildi


Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň güýçleri.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň güýçleri.

Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäherinde Orsýetiň “Sberbankynyň” edarasy oda berildi. Bu waka Lwowda nämälim şahslar “Sberbankyň” ýene bir edarasyny oda bermekde şowsuz bolandan gysga wagt soň, 21-nji fewralda amala aşyryldy.

Lwowyň ýerli “ZIK” telekanalynyň berýän maglumatyna görä, şahsyýeti nämälim adamlar bankyň ofislerine metal gutulardan ýasalan partladyjy serişdeleri zyňypdyrlar.

Bu hüjümler ukrain milletçileriniň ýurduň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çekilmegine sebäp bolan protestleriň ikinji ýyl dönümini bellän gününden bir gün soňa gabat geldi.

Ýanukowiç 2014-nji ýylyň 21-nji fewralynda Kiýewi terk edipdi. Ukrain parlamenti Ýanukowiçi resmi taýdan wezipesinden aýyrmak barada 2014-nji ýylyň 22-nji fewralynda ses beripdi.

XS
SM
MD
LG