Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty: Žurnalistler birleşiginiň başlygy tussag edildi


Gazagystanyň Žurnalistler birleşiginiň hem-de Milli metbugat klubynyň başlygy we onuň ogly bidüzgünçilikde we salgyt galplygynda aýyplanyp, Almatyda tussag edildi.

Düýbi Almatyda ýerleşýän “Adil Söz” atly metbugaty gorap çykyş edýän guramanyň berýän maglumatyna görä, Gazagystanyň Žurnalistler birleşiginiň lideri Seitkazy Mataew we onuň ogly, “KazTAG” habar agentliginiň direktory Aset Mataew 22-nji fewralda tussag edilipdirler.

“Adil Söz” guramasynyň ýolbaşçysy Tamara Kaleewa 22-nji fewralda metbugat konferensiýasyny geçirip, Mataew we onuň ogly özlerine garşy ýöňkelýän aýyplamalary syýasy maksatly diýip ret edýärler diýdi.

Kaleewa we garaşsyz žurnalist Ermurat Bapi Mataewe salgylanyp, ata we ogluň özleriniň günäsizdiklerini subut etmäge taýýarlanýandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG