Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Partlamalarda azyndan 140 adam öldi


21-nji fewralda Siriýanyň Al-Zahra etrabyna edilen hüjümleriň biri.
21-nji fewralda Siriýanyň Al-Zahra etrabyna edilen hüjümleriň biri.

Siriýaly aktiwistler we hökümete tarapdar media Siriýa hökümetiniň kontrollygyndaky territoriýalarda bolan ençeme partlamalarda 140-dan gowrak adamyň ölendigini habar berýärler.

21-nji fewralda amala aşyrylan bu hüjümler Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýadaky konfliktde bölekleýin parahatçylygy gazanmak ugrunda Orsýet bilen “deslapky ylalaşyga” gelinendigini aýdan mahalyna habar geldi.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy toparyň habar bermegine görä, Homs şäheriniň merkezinde amala aşyrylan bombaly iki ulag partlamasynda aglabasy parahat ilatdan ybarat azyndan 59 adam heläk boldy.

Partlamalar Al-Zahra etrabynda amala aşyrylyp, bu sebitiň ilatynyň aglabasy prezident Başar al-Assadyň Alawite mezhebine degişlidir. Siriýa hökümeti Homs şäherine doly diýen ýaly kontrollyk edýär.

Bu partlamalardan birnäçe sagat soň, Damaskyň etegindäki şaýy territoriýalaryna azyndan üç hüjüm edildi. Döwlet telewideniýesi azyndan 87 adamyň ölendigini we başga-da 200 çemesiniň ýaralanandygyny habar berdi.

“Yslam döwleti” Homsdaky we Damaskdaky partlamalaryň öz topary tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG