Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjik armiýasynyň agzasyna 17 ýyl kesildi


Täjigistanyň günortasyndaky Kulob regionynyň harby sudy ýurduň armiýasynyň serhet gullugynyň agzasyny gaçgaklykda we ekstremizmde aýyplap, 17 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Kulob regional harby sudunyň 22-nji fewralda beren maglumatyna görä, Fathullo Faizullozoda serhedi goramak wezipesini terk edip, Owganystanyň territoriýasyna bikanun geçmekde we “Talyban” söweşijilerine goşulmaga synanyşmakda günäli tapyldy.

Faizullozodanyň sud işi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Ol 19-njy noýabrda özüniň harby birleşigini terk edendigini we owgan serhetlerine geçendigini boýun aldy.

Faizullozoda Owganystanyň serhet gullukçylary tarapyndan tussag edilip, Täjigistana ekstradisiýa edilipdi.

XS
SM
MD
LG