Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada rus banklaryna hüjüm edildi


Orsýetiň ”Sberbankynyň” Lwowdaky bölümine 21-nji fewralda giçlik hüjüm edildi.
Orsýetiň ”Sberbankynyň” Lwowdaky bölümine 21-nji fewralda giçlik hüjüm edildi.

Ukrain häkimiýetleri Russiýanyň bankalaryna garşy edilen ençeme bomba hüjümleri bilen baglylykda derňewe başlandyklaryny habar berýärler. Bu partlamalar 2014-nji ýylda bolan Maýdan protestleriniň ýyl dönümine gabat geldi.

Kiýewde, Lwowda we Mariupolda geçirilen bu hüjümler Orsýete ýapjalyk eden ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşdirilmegine getiren protestleriň iki ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ýörişden soň boldy.

Orsýetiň ”Sberbankynyň” Lwowdaky bölümine 21-nji fewralda giçlik hüjüm edildi. 22-ne geçilýän gije Russiýanyň VTB we ”Sberbank” banklarynyň Mariupoldaky iki bölümine hem hüjüm edildi.

Mundan öň, milletçileriň Kiýewde geçiren ýörişinden soň Russiýanyň ”Sberbank” we Alfa-Bank banklarynyň bölümlerine hem hüjümler boldy. Weýrançylyga gatnaşanlar banklaryň binalarynyň aýnalaryny döwüp, içindäki tehnikany ýumurdylar; şeýle-de olar Ukrainanyň iň tütjar baýy – Rinat Ahmedowyň Kiýewdäki edarasyny daşladylar.

Milletçiler Ahmedowy Ukrainadaky korrupsiýany we ýurduň gündogaryndaky orsýetparaz separatistleri goldamakda aýypladylar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Kiýewiň polisiýasynyň bu wakalar boýunça “huligançylyk” aýyplamasy bilen derňewe başlandygyny aýan etdi. Gepiň gerdişine görä bellesek, polisiýa banklara edilen hüjümleriň öňüni almak üçin, hiç hili çäre görmedi.

Bu hüjümler Ukrainada 2014-nji ýylda geçirilen Maýdan protestleriniň ýyl dönüminiň ýatlanýan günlerine gabat geldi. Gürrüňi gidýän protestleriň netijesinde ozalky prezident Wiktor Ýanukowiç 21-nji fewralda Kiýewi terk edipdi.

Ýanukowiç paýtagtdan çykmazyndan ozal howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşýan protestçileriň onlarçasy buky ýerden atýan mergenleriň oklaryndan ölüpdi.

Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmeginiň yz ýany Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy. Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň hereketleri netijesinde häzire çenli 9,100 töweregi adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG