Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ýene ‘pristroýkalar’, çanak antennalar sökülýär


Aşgabadyň etrapçalarynyň ýene birinde il içinde “pristroýka” diýlip atlandyrylýan goşmaça gurlan otaglar ýykylyp, çanak antennalar sökülip başlandy.

Bu çäre Aşgabadyň dürli etraplarynda eýýäm bir ýyl çemesi wagt bäri wagtal-wagtal dowam edýär. Munuň netijesinde paýtagtyň etrapçalaryndaky jaýlaryň ençemesinden müňlerçe çanak antenna sökülip aýryldy.

Azatlyk Radiosy bu söküşligiň nobatdaky tapgyry barada Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG