Türkmenistanda Türkmen diliniň Düşündirişli sözlüginiň iki tomlugynyň hem-de Türkmen diliniň Orfografik sözlüginiň bir tomlugynyň çapdan çykýandygy barada mundan 1 aý ozal hökümet maslahatynda yglan edildi.
30-njy ýanwarda bolsa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda şu iki kitabyň prezintasiýa dabarasy boldy. Emma muňa garamazdan, şu sözlükleriň häzire çenli hiç bir kitap dükanlarynda ýa-da welaýat, şäher kitaphanalarynda tapylmaýandygy habar berilýär.
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.