Sepleriň elýeterliligi

Gazak žurnalistler birleşiginiň başlygy tussag edildi


Seýtkazy Mataýew.

Seýtkazy Mataýew.

Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň we Milli metbugat klubunyň başlygy bir ýerli habar gullugynyň direktory bolan ogly bilen birlikde tussag edildi. Olar pul iýenlikde we salgyt tölemekde aldawa ýüz uranlykda aýyplanýarlar.

22-nji fewralda metbugat erkinligine gözegçilik edýän guramalar Seýtkazy Mataýew bilen onuň ogly "KazTAG" habar gullugynyň direktory Aset Mataýewiň tutulmagyny syýasy çäre diýip häsiýetlendirdiler.

Aset Mataýew birnaçe sagatlap sorag edilensoň boşadyldy, ýöne onuň kakasy häzir-de tussaglykda.

Düýbi Almaty-da ýerleşýän "Adil Söz" atly metbugat hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama 22-nji fewralda beren metbugat konferensiýasynda bu iki adamynyň tutulandygyny habar berip, olaryň özlerine bildirilýän aýyplamalary syýasy sebäpli diýip, ret edýändiklerini aýtdy.

Subut etmäge taýýar

"Adil Söz" guramasynyň başlygy Tamara Kaleýewa bilen garaşsyz žurnalist Ermurat Bapi Seýtkazy Mataýewe salgylanyp, ata-ogluň öz günäsizdiklerini subut etmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Kaleýewa bilen Bapiniň aýtmagyna görä, Mataýewler özlerine bildirilýän aýyplamalar barada bir metbugat ýygnagyny geçirmegi planlaşdyrypdyrlar. Ýöne bu iş başa barmandyr. Sebäbi olar ondan bir ýarym sagat öň Milli antikorrupsiýa işgärleri tarapyndan tutulypdyrlar.

"Adil Söz" gazak häkimiýetleriniň "syýasy dialog we çekişmeler ojagy diýip tanalýan Milli metbugat klubunyň alyp barýan işlerini jylawlamaga synanyşýandyklaryny" aýtdy. Häkimiýetler "KazTAG" habar gullugyny hem berk döwlet kontrollygy astyna almaga synanyşýarlar.

Kaleýewa bilen Bapiniň aýtmagyna görä, Mataýewlere garşy edilýän göçümden esasy maksat

"Gazagystanda žurnalistlere we köpçülikleýin habar serişdelerine köpräk basyş etmekden" ybarat.

“Ýalňyş maglumat”

22-nji fewralda Antikorrupsiýa gullugynyň metbugat wekili Agžan Rsaldinow Mataýew bilen onuň ogluna salgyt tölemekde aldawa ýüz urmakda, 300 million teňňe (850 müň dollar) pul iýenlikde güman edilýändigini aýtdy. Rsaldinow Seýtkazy Mataýewiň baýlygynyň konfiskasiýa edilendigini-de sözüniň üstüne goşdy.

Ol häkimiýetleriň garşysyna aýdylýan zatlary hem bahana diýip ret etdi.

"Şu gün metbugat ýygnagynda berlen beýanatlar jemgyýete ýalňyş maglumat berip, jezadan sypmaga we derňew işlerine päsgel bermäge gönükdirilen zatlar" diýip, Rsaldinow aýtdy.

Seýtkazy Mataýew günäli tapylan halatynda oňa on iki ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar.

Mataýewleriň tutulmagy 20-nji marta planlaşdyrylan irki parlament saýlawlaryna bir aýdan hem azrak wagt barka bolýar.

Mataýew 1991-nji ýyldan 1993-nji ýyla çenli ýurduň awtoritar prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň metbugat wekili bolup işledi. Nazarbaýew ýurda 1989-njy ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.

Mataýew ençeme ýyllap Milli metbugat klubuna ýolbaşçylyk etdi. Almatyda bir kiçeňräk jaýda ýerleşýän kluby köplenç biznesmenler, syýasatçylar we aktiwistler metbugat ýygnagyny geçirmek üçin ulanýarlar. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Almatydaky ofisi hem 2002-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli klubuň jaýynda boldy.

Adam hukuklary boýunça aktiwistler we hökümet tankytçylary soňky ýyllarda gazak häkimiýetlerini ozaldan hem çäkli bolan metbugat erkinligini gysmaga synanyşýanlykda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG