Sepleriň elýeterliligi

Ýewropadaky uly kinofilm festiwallary Aziýadan söz açýarlar


Berlin film festiwaly - 2016

Berlin film festiwaly - 2016

Fransiýa

"Césars" baýragy Fransiýanyň "Oscar" baýragy hasaplanýandyr. ABŞ-nyň "Oscar" akademiýa baýraklarynyň milli azlyklary "ýekirýändigi" öňe sürülipdi. Fransiýanyň "Césars" baýragy bolsa şeýle garaýyşlaryň netijelerini hem göz öňünde tutupdyr.

Şonuň üçinem onuň bu ýylky dalaşgärleriniň arasynda dürli halklaryň eserlerini görmek bolýar.

Täjigistanly bir antropologyň durmuşyny suratlandyrýan "Meniň gyzyl günlerim" atly kinofilm iň gowy film, iň gowy režissýor ugurlary bilen bilelik-de jemi 11 ugurda baýraga dalaşgär görkezilipdir.

Şri Lankaly gaçgagyň Fransiýadaky durmuşyny suratlandyrýan we geçen ýyl "Cannes" kinofilm festiwalynyň "Palme d'Or" baýragyna mynasyp bolan kinofilm hem esasy dalaşgärleriň arasyndadyr.

Türkiýeli uýalaryň mejbury durmuşa çykarylmagy adatyna garşy alyp barýan göreşini suratlandyrýan "Mustang" atly başga bir kinofilm bolsa 9 ugur boýunça baýraga dalaşgär görkezilipdir.

Fransiýanyň esasy kinofilm baýragyny berýän guramaçynyň aýtmagyna görä, bu baýrak Fransiýanyň häzirki döwürde medeniýetleriň ysnyşmagynda oýnaýan möhüm roluny görkezýändir.

Germaniýa

11-nji fewralda öz işine başlan Berlin halkara kinofilm festiwalynyň esasy temasy bolsa Ýewropa gelýän migrantlar hakdadyr. Görkezilýän ähli kinofilmlerde bu tema gaty wawwaly hem ýiti suratlandyrylypdyr.

"Berlinale" müdüri Dieter Kosslikiň bellemegine görä, festiwalyň esasy ideýasy halklaryň we medeniýetleriň arasyndaky ysnyşyklylyga goşant goşmakdan ybaratdyr.

Bu festiwal ünsi hemişe syýasy temalara gönükdiripdir we urşuň ýetirýän zyýanlary bilen ýurdundan jyda düşürilen adamlaryň çekýän kynçylyklary suratlandyrylypdyr.

400-den gowrak kinofilmiň görkezilen 66-njy "Berlinale" kinofestiwaly 21-nji fewralda tamamlandy.

XS
SM
MD
LG