Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Din mugallymlarynyň 90%-ne iş rugsatnamasy berilmez


2016-njy ýylda Gyrgyzystanyň dini mekdepleriniň işgärleriniň 90%-den gowragyna ýörite iş rugsatnamasy berilmez. Sebäbi olaryň aglabasynda din boýunça ýokary bilim diplomy ýetmezçilik edýär.

Gyrgyzystanyň Dini sertifikasiýa komissiýasynyň ýolbaşçysy Abdulla Asrankulowyň 23-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 2014-nji ýylda kabul edilen düzgünleriň berk ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurduň medreselerindäki mugallymlaryň 92%-i çemesi bilim bermek mümkinçiliginden mahrum bolar.

Şeýle-de, Asrankulow Gyrgyzystanyň Dini meseleler boýunça döwlet komissiýasy ýurduň Baş müftisine medreselerde bilim berýän, emma din bilimleri boýunça ýokary okuw diplomy bolmadyk mugallymlary işden boşatmagy maslahat berer diýdi.

Gyrgyzystandaky 101 medresäniň 72 sanysy öz işgärlerini ýörite iş rugsatnamasyny almak üçin hasaba duruzdy. Bu proses 24-nji fewralda başlaýar.

2014-nji ýylda gyrgyz häkimiýetleri ýurduň dini mekdeplerini düzgünleşdirmek we medreselerde ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen ýörite kanun kabul etdiler. Bu kanuna laýyklykda, ýurduň dini mekdepleriniň mugallymlaryndan yzygiderli ýörite iş rugsatnamasyny almak talap edilýär.

XS
SM
MD
LG