Sepleriň elýeterliligi

Kabulda dört ýurduň wekilleri duşuşýar


Owganystanyň “Talybana” garşy söweşiniň soňuna ýetmäge araçylyk etmäge synanyşýan dört ýurduň diplomatlary 23-nji fewralda “Talyban” hereketi bilen Kabulyň wekilleriniň arasynda ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirmek üçin wagt kesgitläp biljekdiklerine umytly garaýandyklaryny aýdýarlar.

23-nji fewralda Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň wekilleri owgan paýtagtynda duşuşyp, Kabul bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň soňky tapgyry üçin şertleri kesgitlemäge gönükdirilen maslahatlaryň dördünji tapgyryny geçirýärler.

Owgan hökümetiniň baş ýerine ýetirijisi Abdullah Abdullahyň metbugat wekiliniň orunbasary Jawid Faisalyň aýtmagyna görä, delegatlar fewral aýynyň ahyryna çenli “göni parahatçylyk gepleşikleriniň birinjisini geçirmek üçin wagt - sene” mälim ederler.

6-njy fewralda Yslamabatda geçirilen maslahatda delegatlar parahatçylyk prosesine başlamak üçin fewral aýynyň ahyryna çenli Kabulyň araçylary bilen “Talybany” bir ýygnakda duşuşdyrmagyň üstünde işlemek barada ylalaşypdylar.

XS
SM
MD
LG