Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa, Fransiýa Kiýewe çagyryş etdi


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer (sagda) and Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin. 23-nji fewral, 2016 ý.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer (sagda) and Ukrainanyň daşary işler ministri Pawlo Klimkin. 23-nji fewral, 2016 ý.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Ştaýnmaýer (Frank-Walter Steinmeier) 23-nji fewralda Kiýewde çykyş edip, Ukrainanyň häkimiýetdäki koalisiýasynyň syýasy partiýalarynyň arasyndaky söweşler hökümetiň “Minsk ylalaşygynyň” borçnamalaryny ýerine ýetirmeginiň öňüni almaga rugsat bermez diýdi.

Kiýewde geçirilen gepleşiklerden soň, ukrain we fransuz daşary işler ministrleri bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda Ştaýnmaýer “Minsk ylalaşygynyň” ýerine ýetirilmegi üçin heniz hem möhüm ädimleriň ädilmelidigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Orsýet hem “Minsk ylalaşygyny” ýetine ýetirmäge taýýar bolmalydyr diýdi.

Ştaýnmaýer Germaniýanyň we Fransiýanyň Ukrainanyň reforma tagallalaryny goldamagy dowam etdirjekdigini, emma munuň deregine Kiýewiň ýurduň ykdysadyýetiniň janlanmagyna ýardam berjek reformalary we “Minsk ylalaşygyny” amala aşyrmagyna garaşýandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG