Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Damask ok atyşygy bes etmäge oňaýly garaýar


Siriýanyň Daşary işler ministrligi ýurduň prezidenti Başar al-Assad Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň araçylary tarapyndan gazanylan ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy kabul etdi diýdi. Emma ministrlik 23-nji fewralda beren maglumatynda, eger ýaragly toparlar bu ylalaşygy öz pozisiýalaryny güýçlendirmek üçin ulansa, onda režimiň bu ýaraşygy bozmagy göz öňünde tutýandygyny hem duýdurdy.

Ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini ýa-da “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Nusra frontuny” öz içine almaýar. Bu ylalaşygyň 27-nji fewralda Siriýanyň ýerli wagty bilen gijäň ýary güýje girmegine garaşylýar.

Ýokary gepleşikler komitetiň bir bölegi hökmünde Siriýanyň esasy aram oppozision toparlary gepleşikleriň ikinji gününde, ýagny 23-nji fewralda Riýadda duşuşýarlar.

Bu komitet planlaşdyrylan ylalaşyk dogrusynda seresaply bolup, “ýaraşyk ylalaşygyny baglaşmak ugrunda halkara tagallalaryna oňaýly jogap bermek barada karara gelendigini” mälim etdi.

XS
SM
MD
LG