Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aliýew, Rohani ençeme resminama gol goýdy


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (sagda) we onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohani.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (sagda) we onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohani.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohani 23-nji fewralda Tähranda duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahat etdiler.

Iki goňşy ýurduň resmileri transport pudagy, elektrik togunyň serhetara geçirilmegi, saglyk we medisina ylymlary, gümrük düzgünleri hem-de nebitiň we tebigy gazyň söwdasy boýunça hyzmatdaşlyk barada 11 sany resminama gol goýdular.

Aliýew iň soňky gezek Eýrana 2014-nji ýylda sapar edipdi. Şonda ol Eýranyň ýokary ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýi bilen duşuşypdy.

Soňky ýyllarda energiýa baý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara içalyçylyk skandallary barada cykan maglumatlar kölege salypdy.

XS
SM
MD
LG