Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uzaga çeken ýol gurluşygy


Türkmenabadyň Azatyk köçesi
Türkmenabadyň Azatyk köçesi

Türkmenabadyň iň uly köçeleriniň biri bolan Azatlyk köçesi il arasynda “obýezdnoý”, ýagny aýlanylýan köçe diýlip tanalýar. Emma köçäniň belli bir bölekleri soňky ençeme aýyň dowamynda sürülen mellek ýerini ýatladýar.

Köçäniň ugry çukanaklardan doly, asfalty uzaboýuna döwük-döwük, gyralary bolsa bordýursyz. Bu gözgyny görnüş köçäni mundan ençeme wagt ozal ilki oňaryp başlap, şoňam 7 aý çemesi mundan öňräk bu işleriň soňlanman ýatyrylmagy sebäpli dörän ýagdaý.

Abatlaýyş işleri ýatyrylmazdan ozal, gaýtadan gurmak niýeti bilen köçäniň käbir bölekleriniň asfalty söküldi, yşyklandyryş sütünleri ýykylyp, onuň deregine täze sütünler gurlup başlandy.

Azatlyk köçesi
Azatlyk köçesi

Emma gurluşyk diňe sütünler bilen çäklenip, ähli alada mundan 7 aý ozal ýatyp galdy, häzir bolsa täze dikilen sütünlerdäki çyralar-da ýakylmaýar.

Şol bir wagtyň özünde-de bu köçe agyr ýükli maşynlaryň gatnaýan esasy köçeleriniň biri. Bu ýerden her hili gurluşyk materiallaryny daşaýan agyr ýük maşynlary bilen bir hatarda Lebap welaýatynda çykarylýan himiki howply maddalary daşaýan maşynlar hem gatnaýar.

Bu bolsa gürrüňi edilýän köçäni şäheriň adamlaryň saglygy üçin iň howply köçeleriň birine öwürýär.

“Bu köçäni oňarsalar gowy bolardy, ýogsam käwagtlar ýangyç daşaýas welin, köprüden aýlanyp düşýänçäk ”hudaý-hudaý” diýip otyrýarys. Örän howply ýagdaýlar döreýär. [Çünki] ýuwaş sürsek, maşyn dyknyşygyna sebäp bolýarys, gaty sürsek bolsa – howply madda daşaýarys sürmek bolanok” diýip, özüni Allaberdi diýip tanadan 45 ýaşlaryndaky türkmenabatly sürüji gürrüň berýär.

Şeýle-de bu köçäniň ugrunda soňky wagtlarda gurlan täze binalaryň ählisi diýen ýaly halk köpçüligi üçin niýetlenen binalar. Olar esasan dükanlar we naharhanalar. Şol dükanlardan birem ýakynda açylan ”Döwrebap” atly söwda merkezidir.

Bu söwda merkezi açylaly bäri oňa gelýän müşderileriň sany hem köpelýär. Bu söwda merkezi bilen bir hatarda bu köçäniň ugrunda il arasynda demir bazary diýilýän şäheriň esasy bazarlarynyň biri hem ýerleşýär. Gündizlerine bazaryň töwereginde goýlan maşynlaryň sany hem gün-günden artýar we özboluşly dyknyşyklaryň döremegine sebäp bolýar.

Emma bu köçäni abatlamak işleriniň näme sebäpden gutarman taşlanandygy barada halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmedi. Ýöne dilden-dile ýaýraýan maglumatlardan çen tutulsa, ýerli býujet edaralarynyň hasabyna amala aşyrylýan bu gurluşyk maliýe kynçylyklar sebäpli ýatyrylypdyr.

Dünýä bazarynda nebit-gazyň bahasynyň gaty peselmeginiň, ykdysadyýeti esasan ýangyç eksportyna daýanýan Türkmenistan ýaly ýurtlara örän ýaramaz täsir ýetirýändigi barada gürrüň edilýär. Bu ýagdaýy nebit eksport edýän beýleki ýurtlaryň mysalynda-da görmek bolýar.

Emma ýurduň ýolbaşçylary, bu täsiri belli bir derejede boýun alsalar-da, onuň gerimi hem-de bu ykdysady ýitgä garşy görülýän zerur çäreler barada halk köpçüligine giňişleýin maglumat bermekden saklanýarlar.

XS
SM
MD
LG