Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Guantanamo türmesini ýapmaga meýillidigini aýtdy


Obama Guantanamo türmesini ýapmaga meýillidigini aýtdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:41 0:00

Obama Guantanamo türmesini ýapmaga meýillidigini aýtdy

Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Kubadaky Guantanamo Baý türmesinde saklanylýan soňky tussaglary başga ýere geçirmek we bu desgany hemişelik ýapmak baradaky planlaryny mälim etdi.

Häzirlikçe bu planyň gelejegi Birleşen Ştatlaryň Kongresinde nämälim bolmagyna galýar. Emma plan kabul edilse, bu köp adamlar tarapyndan 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan hüjümleriň yzýany Birleşen Ştatlaryň terrora garşy başladan söweşiniň kadadan çykmasynyň simwoly diýlip hasaplanylýan Guantanamo kitabynyň sahypalarynyň ýapyljakdygyny aňladýar.

"Biziň bu plan arkaly terroristik propagandanyň guralyny ýok etmäge, ýaranlarymyz we partnýorlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy berkitmäge, milli howpsuzlygymyzy güýçlendirmäge, iň möhümi hem bizi amerikanlar hökmünde bir-birimiz bilen baglanyşdyrýan gymmatlyklary goramaga mümkinçiligimiz bolar. Men Guantanamo Baýdaky desgany ýapmaga doly meýilli" diýip, Obama 23-nji fewralda Ak tamda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, Obama: "Men indiki prezident kim bolsa-da, oňa bu problemany geçirmek islemeýärin. Biz munuň ýene 15 ýyl saklanyp galmagyna rugsat bererismi? Eger biz munuň hötdesinden şu wagt gelip bilmesek, onda haçan geleris?" diýdi.

Administrasiýa resmileri jemi 91 tussagyň heniz hem agzalýan türmede saklanýandygyny aýtdylar. Olaryň 35 sanysynyň Birleşen Ştatlaryň resmileri tarapyndan üçünji bir ýurda geçirilmegi üçin tussaglaryň degişli hökümetleriniň tassyknamasyna garaşylýar.

Galan 56 tussag azatlyga goýberilmek üçin aşa howply hasaplanylýar. 23-nji fewralda yglan edilen planda olary Birleşen Ştatlardaky 13 türmä geçirmek teklip edilýär.

XS
SM
MD
LG