Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” parahatçylyk gepleşiklerinden “habarsyz”


Owgan “Talyban” hereketiniň Katardaky edarasy Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Kabuldaky hökümet bilen gös-göni parahatçylyk gepleşiklerine başlamazdan ozal, Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky ähli daşary ýurt güýçleriniň Owganystany terk etmelidigini nygtamagy dowam etdirýändigini aýdýar.

“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň resmi metbugat wekili Mohammad Naim bu baradaky beýanaty Kabulda dört ýurduň wekilleri göni parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmeli wagtyny kesgitlemek maksady bilen geçiren duşuşygyndan soň mälim etdi. Dört ýurduň wekilleri gepleşikleriň mart aýynyň birinji hepdesinde Yslamabatda başlamagyna garaşýandygyny aýtdylar.

Dört taraplaýyn koordinasiýa topary diýlip atlandyrylýan - Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Birleşen Ştatlaryň wekilleri bu baradaky maglumaty 23-nji fewralda Kabulda geçirilen ýygnakdan soň mälim etdiler.

Emma şol bir wagtda Naim 23-nji fewralda beren maglumatynda “Talybanyň” Katardaky edarasynyň “gepleşikler baradaky planlardan habarsyzdygyny” we toparyň parahatçylyk prosesine goşulmak baradaky deslapky şertleriniň üýtgemändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG