Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz polisiýasy 15 zenany tussag etdi


Gyrgyzystanyň polisiýasy ýurtda gadagan edilen yslamçy toparyň agzalarydygy aýdylýan birnäçe aýaly tussag etdi.

Günorta Oş regionynyň polisiýa departamentiniň aýtmagyna görä, 24-nji fewralda Kara-Suu etrabynda “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy bolmakda güman edilýän 15 zenan tussag edildi.

Ýurduň komitetiniň berýän maglumatynda derňewçileriň ekstremist mazmunly bolmagy mümkin kitaplary ele salandygy mälim edilýär. Bu kitaplar teologik we lingwistik derňewlerden geçirilmäge ugradyldy.

2015-nji ýylyň başyndan bäri Gyrgyzystanda “Hizb ut-Tahrir” we beýleki yslamçy toparlaryň agzasy bolmakda güman edilip, tussag edilýän adamlaryň sany köpeldi.

XS
SM
MD
LG