Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Müsüre uçar gatnawyny 'dikeldýär'


Gazagystan mart aýyndan başlap Müsüre göni ýolagçy uçar gatnawyny gaýtadan dikeltmegi planlaşdyrýar.

Gazagystanyň Inwestisiýa we ösüş ministrliginiň 24-nji fewralda beren maglumatyna görä, Almaty bilen Müsüriň Şarm el-Şeýh kurort şäheriniň arasyndaky uçar gatnawlary “Fly Egypt” we “Gazak SCAT” howaýollary kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylar.

Gazak häkimiýetleri geçen ýylyň 31-nji oktýabrynda Sinaý ýarymadasynda Orsýetiň ýolagçy uçary urlup ýykylandan soň, noýabr aýynda Almaty bilen Müsüriň arasyndaky uçar gatnawlaryny goýbolsun edipdiler.

Resmiler Orsýetiň “Kogalymawia” howaýollary kompaniýasyna degişli “Airbus A321” belgili uçar urlup ýykylanda 224 adamyň heläk bolandygyny mälim edipdiler.

XS
SM
MD
LG