Sepleriň elýeterliligi

Bosniýanyň müftisi özüni goramagy sorady


Bosniýanyň musulman dini lideri Husein Kawazowiç yslamçy ekstremizmi ýazgaryp çykyş edeni üçin “Yslam döwleti” toparynyň agzasydygy aýdylýan şahs tarapyndan haýbat atylandan soň, häkimiýetlerden özüni goramagy sorady.

“Biz döwlet edaralary bu meseläni öz üstüne alar diýip umyt edýäris” diýip, Kawazowiçiň edarasynyň beren beýanatynda aýdylýar.

Kawazowiç bu baradaky haýyşy, Bosniýanyň mediasy “Yslam döwleti” toparynyň baýdagynyň öňünde bosniýa dilinde gepleýän adamyň Kawazowiçiň “bokurdagyny kesmelidigini” aýdýandygyny görkezýän wideony efire goýberenden soň etdi.

“FTW” atly kanalyň berýän maglumatyna görä, wideoda gürleýän adam asly bosniýaly musulman Amir Selimowiç bolup, ol 2014-nji ýylda Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň hataryna goşulypdyr.

Bosniýanyň howpsuzlyk ministri Dragan Mektiç haýbatyň “çynlakaý derejede howpludygyny” aýdyp, döwletiň Kawazowiçi goramak üçin “goşmaça howpsuzlyk çärelerini görýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG