Sepleriň elýeterliligi

Obama Abeden Orsýete sapar etmezligi sorady diýilýär


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe.

Ýapon medialary Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeden rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin maý aýynda Orsýete sapar etmezligi sorandygyny habar berýär.

“Obama Abeden öňünden planlaşdyrylan saparyny ýatyrmagy sorady. Bu sapar Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna garşy Birleşen Ştatlaryň Moskwany izolirlemek syýasatyna garşy gelýär” diýip, 24-nji fewralda “Kýodo” we “Jiji” habar agentlikleri maglumat çap etdiler.

Emma maglumata görä, Abe 9-njy fewralda Obamanyň telefon arkaly eden haýyşyny ýerine ýetirmegi ret edipdir we ol Putin bilen duşuşmak üçin maý aýynyň başynda Orsýetiň Soçi şäherine sapar etjege meňzeýär.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Abeniň we Obamanyň planlaşdyrylan sapar barada näme gürrüň edendigini mälim etmedi. Ministrlik iki lideriň arasyndaky gepleşikleriň aglaba bölüminde Demirgazyk Koreýa tarapyndan raketanyň uçurylmagyna gaýtawul bermek barada gürrüň edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG