Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwrüň ahlagy


Umberto Eko
Umberto Eko

Dünýä jemgyýetçiligi beýik akyldar Umberto Eko bilen hoşlaşdy. Ol geçen asyryň ikinji ýarymynda jemgyýetiň ahlagy bolupdy.

Halkdan çykan

Örän kämil, düşünjeli hem gözýetimi aşa giň bu ynsan sada, ýönekeý italiýalynyň maşgalasynda dünýä indi. Ol atasy hem kakasy ýaly, köp çagaly maşgaladan ösüp çykdy.

Ol uniwersitetde gowy bilim aldy. Orta asyrlaryň taryhyndan, aýratyn-da filosofiýadan belli bilermen bolup ýetişdi. Estetika, medeniýetiň taryhy bilen içgin gyzyklandy. Bolon uniwersitetinde ýaşlara sapak berdi. Dünýäniň ençeme uniwersitetiniň professory diýen ady aldy. Onuň medeniýetiň taryhyna, sungata, aýratyn-da semiotika – sungatda galdyrylan bellikler, olaryň häsiýeti hem manylary baradaky ylma degişli düýpli işleri bar. Ol alty sany meşhur romanyň awtory.

Giň gözýetim

Şeýle alymyň bardygyna hem ony ýetişdiren millete gözüň gidýär. Bu alym Rafael hem Mikelanjelo barasynda; olar Italiýada doguldy diýäýmeseň, biz bilen başga baglanyşygy ýok diýipdi. Olar umumy adamzada degişli, olaryň hyzmaty tutuş adamzady ruhlandyrýar. Şolar ýaly-da, Italiýanyň medeniýeti, olaryň adamzada beren açyşalry hemmeler üçin ortalyk. Şol sanda Umberto Eko hem oňa okap düşünýän ähli adamyň alymy bolup durýar.

Onuň işleriniň hersi giden bir dünýä. Olara göz ýetirmek, okap özleşdirmek üçin, giň taýýarlyk gerek. Mysal hökmünde aýtsak, "Bägülüň ady" atly meşhur romanyna ýazyjynyň özi kommentariýa, ýagny düşündiriş ýazmaly boldy.

Umberto Eko adamzat medeniýetiniň asyrlar boýy gazananlaryny özünde jemlän, örän aýdyň hem giň düşünjeli bilermen saýylýar.

Biziň üçin Umberto Ekonyň geçen ömür ýoly, jemgyýetiň ahlagy barada aýdýan pikirleri aýratyn gymmatly bolup durýar.

Ýaşlyk. Dürli ynançlar

Umberto on ýaşyna ýetende, özüniň görnükli faşist ýaşlaryna degişli bolandygyny aýdýar. 1942-nji ýylda "Mussolininiň şöhraty hem Italiýanyň ölmez-ýitmez şan-şöhraty barada ölmek zerurmy?" diýen şygar astynda geçen ýaşlaryň olimpia bäsleşiginde, özüniň ýeňiji bolandygyny aýdýar.

Ol Mussolininiň taryhy çykyşlaryny tolgunma bilen diňländigini, Italiýanyň mekdeplerinde ol sözleriň ýat tutulandygyny aýdýar.

1945-nji ýylda, ýerli partizanlaryň ýeňşine el çarpýar. Durmuşa takyk hem dogry seredýän ýolbaşçylaryň gysga, manyly sözüni diňleýär. Şonda ol "söz azatlygy ritorikadan, badyhowalykdan halas bolmagy, bokurdagyňa agram salman geplemegi aňladýar" diýen karara gelýär.

Syýasy gysyşlar

Geçen asyryň taryhy wakalarayna belet bolanymyz üçin, faşizm Germaniýada döredi diýýärdik. Umberto Günbataryň dikator ýolbaşçylarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolan şertleri düşündirdi. Ol ýowuz syýasatçylar bilen Sowet Soýuzyny deňeşdirip, Mussolini, Franko hem Gitler ýaly diktatorlar bilen Staliniň, Ždanowyň meňzeş hem aýratyn taraplaryny aýtdy. Ol meselä bir ugurdan çemeleşmän, giň çäkde çözmäge çalyşýar.

Umberto Eko publisistik çykyşlarynda faşizmiň döremeginiň 14 şertini aýratyn belledi hem haýsy döwletiň syýasaty şol 14 şerte golaýlaşýan bolsa, munuň howply ýagdaýdygyny aýtdy.

Täze faşizmiň ilkinji alamaty milli däbi ýokary götermek diýip, ol belleýär. Köne däpleriň janlandyrylyp, ileri tutulmagyny bu ugurdaky ilkinji ädim saýýar.

Köne däbi ileri tutmak täze – modern ýörelgelere böwet bolýar. Beýle syýasaty ýöredijiler, hanama, ösen tehnikany halaýarlar, özlerine gerek bolsa ösen tehnikanyň hözirinden peýdalanýarlar. Şol wagtda öz ýurdunda onuň ösmegine garşy çykýarlar. Olar täze medeniýeti ret edip, peýdasyz boş şowhuna hem dereksiz ündewlere aşa köp üns berýärler.

Okuw kitaplarynda reformalar geçirilmeýär, tankydy bellikler diňlenmeýär. Hökümetiň ýöredýän syýasaty bilen ylalaşmazlyk dönüklik hasap edýärler. Muňa derek olar milli duýgyny, jynsparazlygy ösdürýärler. Umberto Eko şeýle syýasatda millti birleşdirýän güýjüň daşarky "duşmandygyny" aýdýar. Olar halky "daşarky duşmanyň" gorkusy arkaly birleşige çagyrýar.

Bu ugurda boş wadalaryň, boş öwgi-taryplaryň nähili hyzmatynyň bardygyny aýdaýr. Milletiň gowşaklygyny, şol gowşaklykdan bolsa syýasy liderleriň peýdalanyp bilşini mälim edýär. Bu ugurda täze sözleriň tapylýandygyny, diliň garyplaşýandygyny belläp geçýär.

Baky göreş

Şeýle ýowuz endikleriň jemgyýetde mydama ýaşap bilýändigini nazara alyp, Umberto Eko faşizme – diktatura garşy durmak bir toparyň ýa-da bir ilatyň işi boman, tutuş jemgyýetiň borjy diýdi. "Azatlyk hem Garşy durmak biziň işimizdir. Ol hiç wagt gutarmaýar. Bu biziň şygarymz bolsun: ony umutmalyň".

Beýik akyldar 84 ýaşynyň içinde, rak keselinden aradan çykdy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG