Sepleriň elýeterliligi

NATO Egeý deňzindäki planyny ylalaşdy


Pakistanly migrantlar Türkiýeden Gresiýanyň Kos adasyna barýarlar, Egeý deňzi, awgust, 2015

Pakistanly migrantlar Türkiýeden Gresiýanyň Kos adasyna barýarlar, Egeý deňzi, awgust, 2015

NATO-nyň agzalary migrantlary bikanun daşaýan jenaýatçy toparlara garşy göreşde Türkiýä we Gresiýa ýardam bermek üçin Egeý deňzinde öz gämilerini ýerleşdirmek plany barada ylalaşdylar.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 25-nji fewralda Brusselde geçirilen gepleşikleriň yzýany eden çykyşynda Gresiýanyň we Türkiýäniň güýçleriniň bir biriniň territorial suwlarynda we howa giňişliklerinde hereket etmejekdiklerini aýtdy. Emma Stoltenberg bileleşigiň beýleki agzalarynyň Gresiýanyň we Türkiýäniň suw giňişliklerinde hereket etmäge ukyply boljakdygyny habar berdi.

Şeýle-de Stoltenberg Egeý deňzinde halas edilen migrantlaryň Türkiýä ugradyljakdygyny aýtdy. Türkiýe bosgunlar üçin lagerleri gurmak we olara ýardam bermek üçin 3 milliard ýewro möçberde pul berildi.

NATO-nyň agzalary Gresiýanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar adatça dartgynly bolmagynda galýar.

NATO-nyň goranmak ministrleri öz gämilerini Egeý deňzinde ýerleşdirmek barada 11-nji fewralda ylalaşaly bäri Gresiýanyň goranmak ministri operasiýa päsgel bermekde Türkiýäni aýyplady.

XS
SM
MD
LG