Sepleriň elýeterliligi

Çehiýa: Zika wirusly ilkinji wakalar hasaba alyndy


Zika wirusynyň döremegine sebäp bolýan Aedes Aegypti çybyny, San Jose, Kosta Rika, 30-njy ýanwar, 2016

Zika wirusynyň döremegine sebäp bolýan Aedes Aegypti çybyny, San Jose, Kosta Rika, 30-njy ýanwar, 2016

Çehiýanyň saglyk resmileri çybyn çakyp döredýän Zika wirusy bilen bagly ilkinji wakalaryň ýurtda hasaba alnandygyny 25-nji fewralda habar berdiler.
Çehiýa Respublikasynda adamlaryň bu wirusa nirede ýokaşandygy anyklanmady.

Resmiler bu waka barada goşmaça maglumatlaryň günüň dowamynda mälim ediljegini habar berdiler.

Bütindünýä saglyk guramasy 1-nji fewralda Zika wirusynyň ýaýramagyny saglyk üçin adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdiler. Zika wirusynyň dogabitdi şikeslere sebäp bolmagynyň “uly töwekgelçiliginiň” bardygyny belleýär.

Zika wirusy bilen bagly, diýlip hasaplanýan müňlerçe dogabitdi şikesler Braziliýada hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG