Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina-Orsýet: Ýük ulag gatnawy dikeldilýär


Orsýetiň ýük ulaglary, Ukraina
Orsýetiň ýük ulaglary, Ukraina

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk ýük ulaglaryň geçmegine şu aýyň başynda girizilen iki taraplaýyn gadagançylygy ýatyrmak barada Orsýetiň eden teklibini 24-nji fewralda kabul etdi.

Infrastruktura ministri Andriý Pywowarskiniň hökümet agzalaryna aýtmagyna görä, Orsýet gara ýollardan ýükleriň daşalmagyna degişli ähli çäklendirmeleri aradan aýyrmagy teklip edipdir.

Orsýetiň gadagançylygy ýatyrmak teklibine Ukraina oňyn jogap berer, diýip Ýatsenýuk aýtdy. Şeýle-de Ýatsenýuk orsýet ulaglarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Ukrainanyň öz kanun goraýjylaryny çekip biljekdigini mälim etdi.

Orsýetiň Transport ministriniň orunbasary Nikolaý Asaul “ähli çäklendirmeler hemişelik ýatyrylar” diýip 25-nji fewralda Interfaks agentligine aýtdy.

Ukraina Orsýetiň ýük ulaglarynyň öz giňişliginden geçmegini 15-nji fewralda orsýet tarpynyň girizen gadagançylygyndan soň böwetläpdi.

XS
SM
MD
LG