Sepleriň elýeterliligi

Awstriýa, Balkan ýurtlary: Serhet gözegçiligi güýçlener


Makedoniýanyň serhetçileri Gresiýa bilen serhedi berkidýärler, Gewgelija, 8-nji fewral, 2016

Makedoniýanyň serhetçileri Gresiýa bilen serhedi berkidýärler, Gewgelija, 8-nji fewral, 2016

Awstriýa we onuň Balkan goňşulary serhet gözegçiligini güýçlendirmek barada ylalaşdylar we öz serhetlerini doly ýapmagynyň ähtimaldygyny duýdurdylar.

24-nji fewralda Wenada geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň ministrleri ýörite deklarasiýa ýaýratdylar. “Migrantlary we bosgunlygy sorap ýüz tutýan köp sanly adamlary hasaba almak mümkin däl”, diýlip dokumentde bellendi we çäklendirmeleriň howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerurdygy aýdyldy.

Şeýle-de 19 maddadan ybarat dokumentde “Günbatar Balkanlaryň üstünden geçýän migrasiýa akymy çäklendirilmeli” diýlip bellenýär.

Deklarasiýada başpena almaga real mümkinçiliklere eýe bolan adamlar üçin hasaba durmak boýunça umumy şertleriň bolmalydygy aýdylýar we ÝB-niň agza ýurtlarynyň umumy şertlere laýyk gelmeýänleri kabul etmeli däldigi aýdylýar.

Awstriýa ýakynda öz serhetlerinde başpena soraýan adamlardan kabul edilýänleriň sanyny 80 adama çenli çäklendirdi we öz giňişliginden geçmäge rugsat berilýän adamlaryň sanyny hem azaltdy.

XS
SM
MD
LG