Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Facebook, Twitter ýolbaşçylaryna haýbat atýar


Facebook ulgamynyň ýolbaşçysy Mark Zukerberg
Facebook ulgamynyň ýolbaşçysy Mark Zukerberg

“Yslam döwleti” (YD) toparyny goldaýan “Halifat goşunynyň ogullary” atly kompýuter hakerleriniň guramasy Facebook we Twitter ulgamynyň baş ýolbaşçylaryna haýbat atýarlar we olary YD toparynyň goldawçylarynyň hasaplaryny öçürmekde aýyplaýarlar.

Internetde ekstremizme gözegçilik edýän SITE atly kiber howpsuzlyk toparynyň aýtmagyna görä, internetde peýda bolan haýbat atyjy 25 minutlyk propagandistik wideoda Facebook ulgamynyň ýolbaşçysy Mark Zukerbergiň we Twitter ulgamynyň ýolbaşçysy Jak Dorseýiň suratlary görkezilipdir.

Wideoda Zukerberge we Dorseýe ýüzlenilip, YD toparynyň söweşijileriniň sahypalarynyň öçürilmeginden nägilelik bildirilýär.

“Eger siz biziň sahypalarymyzy ýapýan bolsaňyz, biz 10-syny döretmek arkaly jogap bereris we tiz wagtda saýtlaryňyzy ýok edenimizden soň atlaryňyz hem ýok bolar” diýlip maglumatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG