Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa, Balkan ýurtlary deklarasiýa kabul etdiler


Owgan bosgunlary.
Owgan bosgunlary.

Awstriýa we onuň Balkandaky goňşulary serhet gözegçiligini güýçlendirmek barada ylalaşdylar we öz döwlet araçäklerini doly ýapmaklarynyň ähtimaldygyny duýdurdylar.

24-nji fewralda Wenada geçirilen duşuşykda Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň - Awstriýanyň, Sloweniýanyň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň ministrleri we Albaniýanyň, Bosniýanyň, Kosowonyň, Makedoniýanyň, Çernogoriýanyň we Serbiýanyň resmileri bilelikde deklarasiýa ýaýratdylar.

Onda “gaçybatalga sorap ýüz tutýan köpsanly adamlaryň hemmesini hasaba almak mümkin däl” diýlip, ýurtda “içerki howpsuzlygy” we “ sosial jebisligi” goramak üçin çäklendirmeleri dikeltmegiň zerurdygy aýdylýar.

Umumy şertler bolmaly

“Günbatar Balkan ýollaryndan gelýän migrant akymynyň düýpli çäklendirilmegi zerur” diýlip, 19 maddadan ybarat dokumentde nygtalýar.

Şeýle-de, migrantlaryň akymyny jylawlamagyň ýollaryny öz içine alýan dokumentde “halkara goldawyna mätäç bolmadyk migrantlaryň” we “galp dokumentler bilen syýahat edýän, dokumentsiz, özüniň haýsy ýurduň graždanydygy ýa-da şahsyýeti barada ýalňyş maglumat berýän adamlaryň” Ýewropa Bileleşigine girmegine rugsat berilmeli däldigi aýdylýar.

Deklarasiýada başpena almaga real mümkinçiliklere eýe bolan adamlar üçin hasaba durmak boýunça umumy şertleriň bolmalydygy hem bellenilip, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň umumy şertlere laýyk gelmeýänleri kabul etmeli däldigi tekrarlanýar.

80 adama çenli çäklendirdi

Awstriýa ýakynda öz döwlet araçäklerinde başpena soraýan adamlardan kabul edilýänleriň sanyny günde 80 adama çenli çäklendirdi we öz giňişliginden geçmäge rugsat berilýän adamlaryň sanyny hem azaltdy.

Awstriýanyň içeri işler ministri Johanna Mikl-Leitner: “Biz migrantlaryň akymyny häzir çäklendirmelidiris. Sebäbi bosgunlar meselesi Ýewropa Bileleşiginiň aman galmagynyň meselesi bolup biler” diýdi.

“Awstriýa migrant problemasyna Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde çözgüt tapmagyň tarapdary bolsa-da, ÝB bu akymy duruzmak üçin gysga möhletleýin “milli çäreleri” kabul etmeli” diýip, Leitner belleýär.

Awstriýanyň häkimiýetleri bilelikdäki deklarasiýanyň 25-nji fewralda Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň içeri we adalat ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşykda hödürlenjekdigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG