Sepleriň elýeterliligi

Ermeni fermeri yslam ekstremizminde aýyplanýar


Aramais Awakýan.

Aramais Awakýan.

2-nji fewralda Özbegistanyň Jyzak etrabynyň 1-nji kazyýetinde Aramais Awakýanyň sud işine garamak maksady bilen nobatdaky jemlenişik geçirildi. Ol yslam ekstremizmi we Özbegistanyň kanuny döwlet esaslaryny üýtgetmäge synanyşmak ýaly gaty agyr jenaýatlarda aýyplanýar. Netijede Awakýanyň 18 ýyl azatlykdan mahrum edilmegi soralýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna Aramais Awakýanyň ençe ýyl mundan owal Ermenistany terk eden ejesi Flora Skunt maglumat beripdir.

Awakýana garşy öňe sürülýän aýyplamalaryň esasy bir adamynyň oňa garşy aýdan sözlerinden ybarat. Ýöne ol raýat hem kazyýetde owalky aýdan maglumatlaryny gaýtalamakdan saklandy we owalky arz-şikaýatyny fiziki taýdan gynalandygy sebäpli bermäge mejbur bolandygyny düşündirdi.

Haçparaz ermeni we yslam ekstremizmi?

Mundan owal Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň beren bir maglumatynda kazyýete 33 ýaşyndaky haçparaz ermeniniň yslam ekstremizmi we beýleki agyr jenaýatlarda aýyplanmagy babatda hiç hili delil ýa-da subutnama hödürlenmändigi aýan edilipdi. Maglumatda Awakýanyň gynamalardan soň hem özüni günäkär hasaplamaýandygyna aýratyn üns çekilipdir.

"Näme üçin aýyplaýanlar jenaýaty subut etmek üçin delil getirjek bolanoklar?".

Bu sowala köp wagtdan bäri HRW guramasynda Özbegistan boýunça işlän Janna Aleksanýan şeýle jogap berýär: ”Özbegistanyň orny iň zalym, rehimsiz we yzagalak ýurtlaryň arasynda. Ol adamzada gelişmeýän şeýle zalymlyklar bilen meşhurlyk gazanan diktatorlyk ýurtdur. Tussaghanalar hem gaty gözgyny ýagdaýda".

Aýyplama balykçylyk hojalygy bilen baglanyşykly

Aramais Awakýanyň Özbegistanyň Jyzak etrabynda balykçylyk hojalygy bar. Onuň balykçylyk hojalygynda işleýän dört sany dosty geçen ýylyň 4-nji sentýabrynda tussag edilipdirler. Ondan soň, balykçylyk hojalygynda işleýän bäş adamynyň hemmesini tussag etmek üçin, ony hem basypdyrlar.

Bu ýylyň 6-njy fewralynda ermeni fermeri bilen dört dostunyň sud işi bilen baglanyşykly kazyýet işleri başlapdyr. Olaryň bäşisem ýurtda esasy kanun düzgünini zor bilen üýtgetmäge synanyşyk etmek, dini ekstremistik topary döretmek we şeýle-de ogurlyk etmek ýaly jenaýatlarda aýyplanýarlar.

Özbegistanyň hökümeti Awakýany terror guramasy hasaplanýan "Yslam döwleti" atly topar bilen aragatnaşykda aýyplaýar. Ýöne, Awakýanyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, fermeriň ýerli häkimýetler bilen jetleşmeginiň aňyrsynda başga mesele bar. Ýagny, olaryň aýtmagyna görä, etrap häkimi Gapur Karşybaýew fermeriň balykçylyk hojalygyny zor bilen öz eýeçiligine geçirmek isleýär.

Sülçi: "Seni tussaghanada çüýrederin"

Etrap häkiminiň Awakýan bilen bolan gepleşigi galmagala ýazypdyr. Olaryň töweregindäki adamlar etrap häkiminiň fermere "Seni tussaghanada çüýrederin!" diýip gygyrandygyny eşidipdirler.

Adam hukuklaryny goraýan hukukçy Janna Aleksanýan şeýle diýýär: "Özbegistanda ösjek bolýan her bir raýatyň derrew öňi ýapylýar. Eger seniň gowy girdeji getirýän kiçi biznesiň bar bolsa, onda ony seniň eliňden almak üçin bir topar toslama aýyplamalary tapýarlar we soňam basdyrýarlar. Şeýle ýagdaýda seniň hiç hili öz hak-hukugyňy goramaga ygtyýaryň bolmaýar. Sebäbi, Özbegistan ähli halkara guramalaryny ýurduň çäginden çykardy. Şonuň üçinem öz raýatlaryny gaty berk saklaýar we olara nähili islese, şeýle daraýar".

Hukukçynyň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýlarda Ermenistanyň Daşary işler ministrligi, diaspora we Adalat ministrlikleri öz raýatyna arka çykmalydyr.

Ermenistan şeýle haýyş edýär...

2-nji fewralda Ermenistanyň milli mejlisiniň adam hukuklary baradaky hemişelik komissiýasynyň başlygy Elinar Wardanýan, Özbegistanyň mejlisiniň döwlet-hukuk komissiýasynyň başlygyna haýyş bilen ýüz tutupdyr.

Ol Aramais Awakýan bilen baglanyşykly wakanyň adyl derňelmegini, işiň adalatly ýagdaýda alnyp barylmagyny we bu işiň ünsden düşürilmezligini haýyş edipdir.

Wardanýan şeýle diýýär: "Belli bolşy ýaly, ol Ermenistanyň raýaty däl we şonuň üçinem bu ugurda biziň mümkinçiliklerimiz çäkli. Diňe öz kärdeşlerimizden hyzmatdaşlyk çäginde haýyş bilen ýüz tutýarys. Kazyýet işiniň ünsden düşürilmezligini haýyş edýäris".

Ondan owal Ermenistanyň ombudsmany hem özbek häkimiýetlerine ýüz tutup, Awakýanyň saglyk ýagdaýy bilen baglanşykly maglumat berilmegini we oňa garşy edilýän bikanun hereketleriň öňüniň alynmagyny sorapdyr.

XS
SM
MD
LG