Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Öňki owgan häkimi boşadyldy


Owganystanyň öňki welaýat häkimi Pakistanda ýaragly adamlar tarapyndan alnyp gaçylandan iki hepde soň azatlyga goýberildi.

Peşawardaky owgan diplomaty 26-njy fewralda Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren maglumatynda Hyrat welaýatynyň öňki häkimi Fazlullah Wahidiniň boşadylandygyny tassyklady.

Diplomat Azam Nuristani Wahidiniň 25-nji fewralda Peşawardaky owgan resmilerine gowşurylandygyny aýtdy. Ol Wahidiniň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdyp, onuň ýakynda öz maşgalasyna gowuşjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Wahidiniň 12-nji fewralda Yslamabatda ýitirim bolandygy habar berlipdi. Onuň ýitirim bolmagy bilen baglanyşykly detallar heniz hem nätakyk bolmagyna galýar.

Owgan diplomatynyň aýtmagyna görä, Wahidi özüni alyp gaçanlaryň kimdigi we onuň sebäbi barada hiç hili maglumatynyň ýokdugyny aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG