Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Iki žurnalist azatlyga goýberildi


Jan Dündar. 26-njy fewral, 2016 ý.

Jan Dündar. 26-njy fewral, 2016 ý.

Türkiýäniň esasy oppozision gazetiniň tussaglykdaky iki türk žurnalisti azatlyga goýberildi. Žurnalistler Türkiýäniň Ýokary sudy olaryň tussag edilmeginiň hukuklary bozýandygy barada karar çykarandan birnäçe sagat soň boşadyldy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda “Jumhuriýet” (Cumhuriyet) gazetiniň baş redaktory Jan Dündaryň we onuň Ankaradaky býurosynyň başlygy Erdem Gülüň tussag edilmegi halkara derejesinde ýazgarylyp, prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň dolandyryjylygyndaky Türkiýede metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada aladalanmalaryň gaýtadan döremegine sebäp bolupdy.

Iki žurnalist döwlet aňtaw gullugynyň Siriýa ýarag ugratmaga ýardam edýändigi ýaly bolup görünýän wideo çap edilenden soň tussag edildi.

Geçen ýylyň maý aýynda “Jumhuriýet” gazeti 2014-nji ýylda ýurduň aňtaw gullugynyň resmileriniň Siriýa ýarag geçirýändigini aýdyp, suratlary, wideo ýazgylary we raportlary çap edipdi.

XS
SM
MD
LG