Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň baş prokurory wezipesinden çekilýär


Moldowanyň parlamenti ýurduň prokuratura ulgamyny rasionalizirlemek barada ses berenden bir gün soň, ýurduň baş prokurory wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

26-njy fewralda kanun çykaryjylar bilen geçiren gepleşiklerinden soň, baş prokuror Korneliu Gurin (Corneliu Gurin) özüniň bäş ýyllyk wezipe möhletiniň dolmagyna tas üç hepde galan mahaly, 1-nji martda resmi taýdan wezipesinden çekiljekdigini aýtdy.

25-nji fewralda kanunçykaryjylar hökümetiň wada beren sud reformalarynyň bir bölegi hökmünde korrupsiýa garşy göreşýän döwlet edarasyny we ýörite işlere garaýan beýleki gulluklary birleşdirmegi goldap ses berdiler.

Şu ýylyň 1-nji awgustynda güýje girjek bu üýtgetmeler ýurduň baş prokurorynyň ygtyýarlyklaryny hem çäklendirýär. Şeýle-de, mundan beýläk ýurduň baş prokurory parlament tarapyndan däl-de, prezident tarapyndan wezipä belleniler.

XS
SM
MD
LG