Sepleriň elýeterliligi

Obama Orsýeti ‘bütindünýä syn eder’ diýip duýdurdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Orsýeti, 27-nji fewralda Siriýada uruş hereketlerini bes etmek baradaky ylalaşygyň ýerine ýetirilip-ýetirilmezligine “bütindünýä syn eder” diýip duýdurdy.

Orsýet we onuň ýaranlary tarapyndan Siriýada ýaraşygy ýola goýmak ugrunda gazanylan ylalaşygyň amala aşyp-aşmazlygyny görmek üçin “öňümizdäki günleriň ähmiýeti uly we oňa bütindünýä tarapyndan syn ediler” diýip, Obama 25-nji fewralda milli howpsuzlyk boýunça maslahatçylar bilen geçiren ýygnagyndan soň aýtdy.

Ol bu ýaraşyk Orsýetiň we Siriýa režiminiň bäş ýyl dowam edýän raýat urşuna has giňişleýin syýasy çözgüt tapmaga meýilli bolup-bolmandygyny anyklamak üçin “synag” bolar diýdi.

XS
SM
MD
LG