Sepleriň elýeterliligi

“It üýrer, kerwen geçer” bolmaz”


Aşgabatda zähmet çekýän welaýatlardan gelen türkmenistanlylar

Aşgabatda zähmet çekýän welaýatlardan gelen türkmenistanlylar

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň aýagyndan başlap Türkmenistanyň welaýatlaryndan Aşgabada öz ulaglarynda gelmekçi bolýan, paýtagtda kireýine jaý tutup, onda ýaşap işlemekçi bolýan raýatlara garşy her dürli çäklendirmeler girizilip başlandy.

Bu mesele Azatlyk Radiosynyň ”Azathabar.com” websaýtynda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda uly gyzyklanma we jedelli çekişmeleri döretdi.

Häzirki girizilen çäklendirmeleriň netijeleri barada soralanda, “Aron” lakamly okyjymyz häzir Türkmenistandaky bolýan ýagdaýlary Sowet Soýuzynyň soňky ýyllary bilen deňeşdirip, şeýle pikiri orta atypdyr: “SSSR-iň dargamagynyň iň esasy sebäbi her respublikanyň halkynyň Moskwa biziň hakymyzy iýýär, bizi kemsidýär diýlen subýektiw pikiri boldy. Soňky 10-20 ýylda Mokwa aýratyn gowy şertde ýaşady, şol wagtam edil şu wagtky ýaly “It üýrer, kerwen geçer” diýip, näme etsemem halk çydar etjek zady ýok diýip, hasap edildi... Şu günki gün biziň telewideniýämizem welaýatlylary hemmet zat gül ýaly diýip ynandyrjak bolýar. Ýöne halk kör däl, ol öz gözi bilen görýär”.

“Natan” lakamly okyjymyz bolsa häzirki bolýan ýagdaýlaryň düýbüniň etnek ozalky prezident S.Nyýazow döwründe tutulyp gidilendigini öňe sürýär: “Biziň döwlet gimnimizde öň “türkmenbaşyň guran beýik döwleti...” diýen söz bardy. Indi şol söz “halkyň guran beýik döwleti” diýen söz bilen çalşyldy. Hakykatda birinjisi dogrudy, şu hilli döwlet, hökümet diňe Nyýazow ýaly özüm bildim, diňe men ýaşasam bolýar diýýän adamlara gerek. Sebäbi munuň ýaly döwleti, hökümeti halk döretmez... Türkmenbaşyň guran döwletinde bolsa köplenç kim adalatly däl-de, kim ýalançy; kim medeniýetli däl-de, kim kezzap bolsa, şoňa döwlet sylaglary, döwletiň weizipeleri berilýär”.

Başga bir tarapdan, Azatlyk Radiosynyň welaýatlylaryň paýtagtda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny beýan etmegine garşy çykyş edenler hem bar. Özüni Çary diýip atlandyran şeýle ýazýar: “Hormatly Azatlyk Radiosy, siz näme üçin ters agitasiýa geçirýärsiňiz?! Ulag meselesinde Aşgabatda ulag sürüp bilmän ýol hadysasyny döredýän ildeşlerimizi göreňzok. Obasynda traktor sürüp ýöreniň, gelip paýtagtda ulag sürüp bilmejegini hemmämiz bilýäris. Işe gelýän raýatlar barasynda bolsa dogry düzgün girizdiler, çünki raýatlyaryň nirede ýaşaýandygyny hasaba almaly, jenaýat edilmeleriň öňüni almaly. Bolýa, gelsinler, işlesinler, ýaşasynlar, ýöne ýaşaýan ýerinde hasaba dursun”.

Elbetde, Çarynyň pikirine, onuň öz ýazgysynda getiren delillerine garşy çykan okyjylar hem bar. “Hakykat” lakamly bu meselede öz pikirini şeýle beýan edýär: “Aşgabada keýpine gelenok hiç kim. El ýaly çörek üçin gelýär, maşgalasyny eklejek bolup gelýär”.

“Bars” ady bilen teswir galdyran beýleki bir okyjymyz bolsa, Türkmenistandaky häzirki bolýan ýagdaýlary özüniň daşary ýurtdaky tejribeleri bilen deňeşdiripdir: “Men ýedi ýyl daşary ýurtda ýaşadym. Muň ýaly şäheri, muň ýaly döwleti hiç görmedim. Muň ýaly hiç bir döwletde kösençlik görmedim. 200 dollara kireýine tutýan öýüm bäriň [Türkmenistanyň] elitkalaryndan müň esse gowudy”.

Ýeri gelende bellesek, okyjylarymyzdan gelen köpsanly teswirlerde gadagançylyklaryň näme sebäpden girizilýändigi baradaky nägile sorag-sowallar has köp göze ilýär. Galyberse-de, okyjylarymyz Aşgabadyň hem Türkmenistanyň islendik beýleki künjegi ýaly ýurduň bir bölegidigine ünsi çekip, häzirki girizilýän gadagançylyklar sebäpli ýurduň raýaty hökmünde özleriniň kemsidilýändikleirni hem aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosynyň türkmen resmilerinden bu gadagançylyklar bilen bagly kommentariý almak synanyşyklary häzire çenli netije bermedi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarky teswirleriň ählisi okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlary we olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG