Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hameneýi işjeň ses bermäge çagyrdy


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi . 26-njy fewral, 2016 ý.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi . 26-njy fewral, 2016 ý.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi ýurduň raýatlaryna ýüzlenip, 26-njy fewralda başlanan saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

“Men raýatlarymyzy ir bilen baryp, ses bermäge çagyrýaryn... Olar öz dalaşgärlerini akyl-paýhas bilen saýlamalydyrlar... Köp adamlaryň ses bermäge gelmegi Eýranyň duşmanlarynyň lapyny keç eder” diýip, Hameneýi ýurduň parlamentine we Ekspertler Assambleýasyna geçirilýän saýlawlaryň çäginde ses bermäge gelen pursady aýtdy. Ýeri gelende bellesek, Ekspertler Assambleýasy ýurduň baş ruhany liderini bellemek we wezipesinden aýyrmak hukugyna eýedir.

Şu ýylyň başynda dünýäniň iri döwletleri bilen Tähranyň arasynda Eýranyň ýadro programmasy babatynda ylalaşyk gazanylandan soň, bu - ýurtdaky geçirilýän ilkinji saýlawlardyr. Häzirki saýlawlara şol ylalaşyk babatyndaky referendum hökmünde garalýar.

Prezident Hassan Rohani, saýlaw bölümine gelip öz sesini berensoň, ýurduň raýatlarynyň köpüsiniň saýlaw uçastoklaryna gelendigi barada habarlaryň gelip gowuşýandygyny aýtdy.

Saýlawlara gatnaşýan reformistler ýurtda has köp demokratik özgerişleri geçirmegi maksat edinýärler. Rohani bilen raýdaş aramçylar bolsa Günbatar bilen gelnen ylalaşyga garşy çykýan aşa dinçiler bilen bäsleşýärler.

Reformistler 2012-nji ýylda geçirilen saýlawlary boýkot edipdiler. Muňa 2009-njy ýyldaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň “Ýaşyl hereket” diýlip bilinýän oppozisiýa wekilleriniň çykyşlarynyň hökümet tarapyndan güýç bilen basylyp ýatyrylmagy sebäp bolupdy.

Bu ýyl reformistler aramçylar bilen bir bloga birleşip, öz garşydaşlary bilen has ykjam bäsleşjek bolýarlar.

290 orunlyk Parlamente we 88 orunlyk Ekspertler Assambleýasyna dalaşgärleri saýlamak üçin ýurt boýunça 53 müňe golaý saýlaw uçastoklary açyldy.

Eýranda 55 milliona golaý adamynyň ses bermek hukugy bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG