Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kunarda 10 adam öldürildi


Kunarda amala aşyrylan hüjümiň netijesinde ölenleriň aglabasy “aýallar we çagalar” bolupdyr.

Kunarda amala aşyrylan hüjümiň netijesinde ölenleriň aglabasy “aýallar we çagalar” bolupdyr.

Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda janyndan geçeniň amala aşyran bomba hüjüminiň netijesinde azyndan 10 adam, şol sanda harby komandir hem heläk boldy.

Kunar welaýarynyň häkiminiň beren maglumatyna görä, şenbe güni amala aşyrylan hüjümiň netijesinde ölenleriň aglabasy “aýallar we çagalar” bolupdyr.

Wahidullah Kalimzaýi motosikletli hüjümçiniň özüni Asadabat şäheriň hökümet binasynyň golaýynda partladandygyny mälim etdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Emma hüjümiň netijesinde ölenleriň arasynda ýerli tire ýolbaşçysy we harby komandir – Jahi Khan Jan hem bardy. Ol geçen ýyl “Talybana” garşy geçirilen ençeme harby operasiýa gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG