Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kosowada Thaçi prezident saýlandy


 Haşim Thaçi

Haşim Thaçi

Kosowanyň parlamenti ýurduň häzirki daşary işler ministri we ozalky partizan söweşijisi – Haşim Thaçini ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady.

Ses berilişigiň netijesine görä, 81 sesiň 71-si Thaçä berildi. 120 orunlyk parlamentiň oppozisiýa kanunçykaryjylary ses berilişigi boýkot etdiler.

Bu aralykda, paýtagt Pristinada oppozisiýa wekilleri parlament binasynyň öňünde polisiýa bilen çaknyşdylar. Polisiýa hökümetiň çekilmegini we täze saýlawlary talap edýän ýüzlerçe protestçini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy we suw toplaryny ulandy.

Thaçi 1998-99-njy ýyllar aralygynda Kosowanyň Serbiýa garşy alyp baran partizan söweşine ýolbaşçylyk etdi.

Kosowo 2008-nji ýylda özüniň garaşsyzlygyny yglan etdi. Serbiýa Kosowany özbaşdak bir ýurt hökmünde ykrar etmedi.

XS
SM
MD
LG