Sepleriň elýeterliligi

Gürji magdançylary protest geçirýärler


Gürji magdançylary

Gürji magdançylary

Gürjüstanda magdançylar eýýäm 13 gün bäri has köp aýlyk haklaryny we has gowy iş şertlerini talap edip, protest geçirýärler.

Dzidziguri we Mendeli gor känleriniň 500 çemesi magdançysy işlemekden ýüz öwürýärler. Olar 2012-nji ýyldaky protestlerden bäri özleriniň aýlyk haklarynyň galdyrylmandygyny aýdýarlar.

Gürjüstanyň milli pul birligi – larii 2014-nji ýyldan bäri dollara görä 50% çemesi hümmetsizlendi. Munuň netijesinde, ýurtda inflýasiýa artyp, magdançylaryň eline alýan aýlyk haklary hem hümmetsizlendi.

Gürjüstanda magdançylar ortaça 400-430 lari, ýagny 222-238 dollar möçberinde aýlyk alýarlar.

Magdan känlerini dolandyrýan gurama, eger-de magdançylar işlerine dolansalar, öňümizdäki iki aýyň içinde olaryň aýlyk haklaryny artdyrmak meselesine garajakdygyny aýtdy. Emma magdançylar muny ret etdiler.

XS
SM
MD
LG