Sepleriň elýeterliligi

ABŞ göwreli türgenlerine çagyryş etdi


Zika sebäpli Braziliýada 4 müň töweregi çaganyň mikrosefaliýa bilen dünýä inendigi çaklanylýar.

Zika sebäpli Braziliýada 4 müň töweregi çaganyň mikrosefaliýa bilen dünýä inendigi çaklanylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary göwreli türgenlerine ýüzlenip, Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmazlyga çagyrdy. Bu çagyryşa göwredäki çaganyň şikesli dogmagyna sebäp bolýandygy çaklanylýan Zika wirusy sebäp boldy.

Bu wirus sebäpli Braziliýada 4 müň töweregi çaganyň mikrosefaliýa, ýagny adatdan daşary kiçi kelleli dünýä inendigi çaklanylýar.

ABŞ-nyň Kesellere garşy edarasynyň bu çagyryşy eden güni, Braziliýa syýahat eden amerikaly dokuz göwreli aýaldan Zika wirusynyň çykandygy hem mälim edildi.

XS
SM
MD
LG