Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz estradaçylaryň aglabasy dine ýykgyn edýärler


Omar Janyşev

Omar Janyşev

Gyrgyzystanda yaş estrada aýdymçylarynyň algaba köpçüligi namaz okaýarlar. Hat-da olaryň käbiri yslama ters hasaplap sahna çykmagy goýbolsun edipdir.

Käbir bilermenleriň pikirine görä, bu estrada aýdymçylarynyň durmuşyndaky romantiki döwre bagly wagtlaýynça bir ýagdaý. Başga pikirde bolanlara gorä bolsa, dini propagandaçylar jemgyýetde meşhurlyk gazanan tanymallaryň üsti bilen adamlary dine çagyrmak üçin şeýle metody ulanýarlar.

Aýdymçy we kompozitor Maýrambek Osmonow öz ýaşaýşyny düýpgöter üýtgedip şerigata görä ýaşamaga başlan ilkinjileriň hatarynda. Ol, öz durmuşynda birden dindar jemgyýetiň üns merkezine nähili öwrülendigini şeýle ýatlaýar:

- Mundan 6-7 ýyl ozaldy. Meni metjide çagyrdylar we meniň nähili ýaşaýandygym barasynda pikir alyşmaga başladylar. Bir ýaş ýigit ymama şonda şeýle sowal berdi: "Maýrambek Osmonow dini ýoly saýlap aldy. Biz onsoň ondan sahna çykmagy goýbolsun etmegini isledik. Ol bolsa biziň haýyşymyzy kabul etmedi. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?". Ymam bolsa gaty parasatly jogap berdi. Ol şeýle diýdi: "Edil häzir Maýrambek sahnany taşlap bilmez. Ýöne, geljekde haçan-da dindar ýaşlar köpelende ol sahnany taşlamaly bolar. Elbet-de Alla onuň näme edýändigine seredýär. Siz begeniň, çünki ol häzir namaz okamaga başlady".

Maýrambek Osmonow diňe bir aýdym aýtman, eýse ol alyp baryjy, ýagny tamada hökmünde hem gazanç edýär. Onuň pikrine görä, ol öz käriniň üsti bilen adamlary gaty aňsat dini ýola çekip bilýär. Şeýdibem ol dine hyzmat edýär. Edil Osmonow ýaly dini ygtykatlara başlap, ýöne sahnany taşlamaýan tanymal aýdymçylaryň arasynda Omar, Arsen, Mirbek dagylar hem bar.

Mirbek Atabekow

Mirbek Atabekow

Şow biznesiň wekilleri bilen içgin aragatnaşyk saklaýan žurnalist Kudret Taýçabarow hem estrada aýdymçylarynyň aglabasynyň dine ýykgyn edýändigini tassyklaýar.

- Tynçtykbek Kožobekow bir gezek şeýle diýdi "Žurnalistler hemişe diýen ýaly menden namaz okap okamaýandygymy soraýarlar. Sebäbi aýdymçylaryň ýüzden 90 göterimi häzir dini ýoly saýlap aldylar". Meselem, häzirki wagtda aýdymçylaryň hemmesi diýen ýaly namaz okaýarlar. Omar, Arsen, Mirbek ýaly tanymallar hem edil şeýle bäş wagt namazy berjaý edýärler. Mirbek Atabekow diňe onuň bilenem çäklenmän gijäň ýarymynda goşmaça tahajmut namazyny hem okaýar.

Dini ýoly saýlap alandan soň sahna çykmagy goýbolsun eden aýdymçylar hem bar. Mundan on ýyl owal hut edil şeýle sebäpden Muhtar Atanaliýew sahnany taşlapdyr. Soň Asel Kydykowa, Mirlan Niýazow, Ynak Osmonaliýew dagylar hem ondan görelde aldylar. Wäşi Abdy Kadyrmatowuň aýtmagyna görä, şow biznesde şeýle ýagdaýda bolanlar gaty köp:

- Meselem, Bekçoro hem hut şeýle sebäpden öz kärini taşlady. Onuň gaty gowy aýdymlary ýagny sungat eserleri bardy. Ol aýdymlary hem diýseň ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Golaýda oňa duş gelenimde ol öz kärini gutarnykly ýagdaýda taşlandygyny bildirdi. Häzir ol oba hojalygy işleri bilen meşgullanýar.

Bekçoro, sahnada çykyş etmegiň yslam dinine gabat gelmeýändigini nygtap, bu ugurda Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna giňişleýin interwýu bermekden saklanýandygyny aýdypdyr. Mirbek Atabekow bolsa Bekçorodan tapawutlylykda aýdymçylygy uly günä hem etmişler bilen deňeşdirilende ýönekeýje ýeňiljek günälerden hasaplaýar. Şonuň üçinem ol aýdymçylygy taşlamak islemeýändigini we sahna çykmaga hem dowam etjekdigini belleýär.

Jumga namazyny näme üçin okaýandygyny bolsa ol şeýle düşündiripdir:

- Birinjiden meniň atam, enem we kakamyň doganlary namaz namaz okaýardy. Meniň enemiň Alla tarapyn berlen käbir ukyplary bardy. Şonuň üçin enemizden geçen bolmaly hemmämizde bar bolan ukyplylyk. Men dini temalarda dürli-dürli düýşler görýärin. Kämahal garagolluk hem edýärin. Şonda maňa özümi nädogry alyp barýandygym barasynda duýduryş berýärler. Meniň hut içerki dini dünýämde bolup geçýänler namaz okamaga gönükdirdi.

Merbek Atabekowuň repertuarynda ene-ata, ýanýoldaş we watan baradaky aýdymlaryn ýanynda dine bagyşlanan aýdymlar hem bar. Dine bagyşlanan şeýle aýdymlary namaz okaýan ähli aýdymçylardan eşitmek mümkin.

Dini işgär Uzbek ajy Çotonowuň aýtmagyna görä, şerigat, dini ýaýratmak isleýän erkek adamlaryň aýdymçylyk etmegine garşy çykmaýar:

- Eger ol öz aýdymlarynda Allany we onuň ýoluny ýatlaýan bolsa, onda ol aýdymçylyk sebäpli günä gazanmaýar. Onsoňam pygamber hut şahyrlaryň halky öz sözleri bilen bendi edýändigini aýdypdyr. Pygamberiň zamanasynda şahyrlar we aýdymçylar hem bolupdyr. Edil şonuň ýaly-da Gurhanda bagşylara bagyşlanan tutuş bir sure bardyr.

"Ýaşyl kitap" (Žaşyl kitep) atly dini eseriň awtory Abdy Saryýewiň aýtmagyna görä, eger Alla barada aýdýan bolsaň aýdym aýdybermeli, bolmasa-da aýtmaly däl. Munyň tersini diňe sowatsyzlar goldap bilerler. Ol, döredijilik işgärleriniň bolşy ýaly ýaşlaryň hem içerki dünýäsiniň yzgiderli täzelik gözleýändigini nygtap, hut şeýle ýagdaýdan missionerleriň öz bähbidine peýdalanýandygyna üns çekipdir.

- Jemgyýetde ýaşlara çuňňur täsir ýetirip bilýänler owal başda sungat we medeniýet işgärleri bilen dini işgärlerdir. Olaram hemişe edil ýaşlar ýaly täzeçiligiň hem romantikanyň gözleginde bolansoň öz aýdymçylyk kärini taşlap, dini ýoly saýlap alyp bilýärler. Şol bir wagtyň özünde hem yslam missionerleriniň adaty metodlary bardyr. Olaryň ýaşlary öz tarapyna çekmek üçin ylaýta-da intäk agy-garany o diýen saýgarmany başarmaýan, şol bir wagtyň özünde-de dini we onuň taryhyny bilmeýän aýdymçylary we döwlet işgärlerini öz bähbidine ulanýarlar.

Abdy Sariýewe görä, her bir adam dini ynanç azatlygnaa eýe bolmalydyr. Ol şol bir wagtyň özünde, köp adamyň diň diýlende Allany özüniň içerki dünýäsiniň çuňluklarynda duýmagyň deregine, ynançly ýaly görünmek we hereket etmek hasaplaýandygyna üns çekýär.

Žyrgalbek Kasabolotow atly žurnalistiň pikrine görä bolsa, adamlar dindar ýaly görünjek bolup jan edýärkä hut diniň özüne we medeniýete gödek çemeleşip biýärler:

- Häzirki dini işgärler we syýasatçylar öz çakdanaşa propagandalary bilen hudaýy oýunjaga öwürdiler. Bu gaty nädogry. Her zadyň öz ýeri bar we hemme zat öz ornunda bolsa gowy. Meselem, ybadat etmek üçin ybadathanalar bar. Aýdym aýdyň çykyş etmek üçinem konsert zallary bar. Şeýle temany gozgamaly ýer bar we edil şonuň ýaly gozgamasaň has gowy bolýan pursat hem bolýar. Köpülenç duş gelinýän ýagdaýlara görä, estrada aýdymçylary we sazandalar ýaly sungat işgärleri diňe moda bolany üçin dini tema ýykgyn edýärler.

Hünärmenleriň pikrine görä, umuman yslama ýykgyn edýän aýdymçylaryň döredijilige çemeleşişi birmeňzeş bolýar. Olar dine ýykgyn etmäge başlan mahaly ýa aýdymçylygy taşlaýarlar ýa-da diňe dini aýdymlara ürj edýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG