Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Enelere meňzeş deňiz


Öli deňiz
Öli deňiz

Dünýäniň iň peski derejesinde ýerleşen bu köl deňiz hasap edilýär. Goý, ol şeýle bolsun, biz ony kiçeltmäli.

Ol deňiz derejesinden 395 metr peslikde diýip, alymlar aýdýarlar. Oňa ägirt uly meşhurlyk getiren ýerleşýän ýeriniň aşa pesligi däl-de, ynsan üçin däri-dermen bolan duzy hem suwy.

Deňziň köp ady

Ony dürlüçe atlandyryp gelipdirler. Mukaddes Kitaplarda oňa Düzlükdäki deňiz, Çöldäki deňiz, käbir çeşmede Gündogar deňzi hem diýlipdir. Ol başga-da dürlüçe atlandyrylypdyr. Onuň ýene bir ady Araplar deňzi bolmaly.

Häzirki wagtda ol ýer esasan iki at bilen tanalýar, köplenç Duz deňzi ýa-da Öli deňiz diýýärler. Aslynda welin Ene deňiz diýilse, barysyndan gowy bolardy diýip pikir edýän. Sebäbi ol bir enä, ynsana güýç-kuwwat berip duran rahatlyk ummanyna meňzeýär.

Mähir hem şypa

Ol deňziň ýakasyna baranyňda, Negew çölüniň ýakyp-ýandyryp barýan güni bildirmeýär. Aşa peslikde oturan deňiz depeden inýän Günüň howruna bugaryp, öz üstünde ümür emele getirýär. Yssy hem gurak howa deňizde bar bolan suwuň bugarmagyna güýçli täsir edýär. Şonuň üçin mydama diýen ýaly, onuň üsti bulutly.

Şol bulutly gatlak köle saýa salyp dur. Ýokardaky çygly gatlak ynsan bedenini ýakyp-ýandyryp barýan şöhleden goraýar. Deňiz göýä ynsanyň üstüne gol gerip, pena bolup duran enä meňzeýär.

Sen oňa bir seredip gör, beýle dury suwy, beýle arassalygy başga deňizde ýa derýada gören dälsiň.

Eger suwa girseň, ol seni göterýär. Edil ene perzendini iki eline alyp, mähir bilen göterişi deýin, seni öz derejesinden belentde tutýar. Her näçe agyr bolsaň boluber, ol seni ýokary götermegi başarýar. Suw hatda ýüzüp bilmeýänleri-de ýokary göterýär. Diňe ene perzendini özünden ýokarda saýýar.

Derman

Adamlar muňa şypa agtaryp gelýärler. Deňiz edil enäniň eli kimin, teniňdäki yzany aýyrýar, kadaly dem almagyňa şert döredýär. Deňziň çygly demi bolsa ýüregiňe rahatlyk berýär diýip, tebipler aýdýarlar.

Deňizdäki minerallardan ençeme derman ýasalýar. Onuň hatda gara palçygy-da, adam tenine derman.

Mukaddeslik

Ol ak duz hökmünde, bir mukaddeslik bolup, ynsanyň saçagynyň üstünde durýar.

Duzdan mukaddes näme bar?!

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG